Ukraina rus Krasnodaryna “uly” dron hüjümini etdi

Ukraina 15-nji noýabr güni irden Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar sebitine uly pilotsyz uçar hüjümini etdi diýip, sebit gubernatory Weniamin Kondratiýew habar berdi.

Telegram kanallary bu hüjümde Russiýanyň Krymsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän uly howa bazasynyň nyşana alnan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar.

Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan sebäpsiz çozuşynyň başyndan bäri raýat we energiýa infrastrukturasy pilotsyz uçar we raketa hüjümleri netijesinde yzygiderli bombalanan Ukraina hem öz gezeginde Russiýanyň harby desgalaryna, ukrain çägine hüjüm etmek üçin ulanylýan ýangyç ammarlaryna we howa meýdançalaryna hüjüm edip başlady.

Kondratiýew ukrain hüjüminiň iki etraby - Krymsk we Krasnoarmeýsk şäherlerini nyşana alandygyny aýtdy. Ol bu hüjümlerden zyýan çekilendigini, ýöne pida çekilmändigini hem sözüne goşdy.

“Astra” telegram kanaly bu hüjümde Krymsk şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Krymsk howa bazasynyň nyşana alnandygyny, rus güýçleriniň bu bazany günorta Ukraina hüjüm etmek üçin ulanýandygyny habar berdi.

Bu maglumat bada-bat we garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi, Ukraina rus nyşanalaryna edilen hüjüm barada aýdylýanlara düşündiriş bermedi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 15-nji noýabr güni irden howa goranyş ulgamlarynyň Russiýanyň çägine aralaşan we Ukrainanyň basylyp alnan Krym sebitine iberilen ukrain dronlarynyň 51 sanysyny urandygyny aýtdy. Aýdylmagyna görä, ukrain dronlarynyň 36 sanysy Russiýanyň Krasnodar sebitinde urlupdyr.

Ukraina awgust aýynda iň uzak aralykdaky dron hüjümlerini amala aşyrdy. Şonda Russiýanyň Woronež, Kursk we Nižniý Nowgorod sebitlerinde ýerleşýän dört howa meýdançasy nyşana alyndy.

Ukrainanyň 15-nji noýabrda Krymsk şäherine uran zarbasy baradaky habarlar Russiýanyň Ukrainanyň Gara deňziň boýundaky iň uly portuna eden uly hüjümi baradaky habaryň yz ýanyndan geldi. Ukrain gallasyny we beýleki oba hojalyk önümlerini eksport etmegiň möhüm merkez bolan Odesa mundan öňem kän nyşana alnypdy.

Soňky pilotsyz uçar we raketa hüjümi Odesada bir aýalyň ölmegine, azyndan 10 adamyň, şol sanda 9 ýaşly oglanyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Sebit häkimi Oleh Kiper müňlerçe ýaşaýjynyň merkezleşdirilen ýyladyşdan kesilendigini aýtdy.

Kiper şäher merkezinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň, köp gatly binanyň doly weýran bolandygyny, beýik we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesine, onlarça awtoulaga zyýan ýetendigini, 40,000 töweregi adama ýylylyk berýän esasy geçirijiniň işiniň togtadylandygyny aýtdy.

Çaga dogrulýan öý, dört mekdep we ýedi çagalar bagy hem ýyladyş ulgamyndan kesildi diýip, Kiper aýtdy.

Odesanyň häkimi Hennadiý Truhanow şäheriň "köpçülikleýin, kombinirlenen zarbanyň" nyşanasy bolandygyny aýtdy.

Şu aralykda, Ukrainanyň üç sebitine - Mikolaýiwe, Kirowohrada we Ternopile aralaşan 29 dronyň 25-si, Russiýanyň bir ganatly raketasy uruldy diýip, Ukrainanyň howa güýçleri habar berdi.