Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna zarba urýar

Dnipropetrowsk sebitine urlan zarbadan soň

Russiýa 25-nji dekabr güni irden Ukraina uly raketa zarbasyny urup, ýurduň energiýa desgalaryny we beýleki raýat infrastrukturasyny nyşana aldy diýip, ukrain häkimiýetleri aýtdy.

Ýurdup demirgazyk-gündogar sebitine, Harkowa urlan ballistik raketa zarbalary azyndan üç adamy ýaralady diýip, ukrain resmileri aýtdy.

Sebit häkimi Oleh Syniehubow Harkowda “ýaşaýyş däl infrastruktura hem zyýan ýetendigini” habar berdi.

Sebitiň paýtagty - Harkow şäheri "uly raketa hüjümine sezewar boldy" diýip, häkim Ihor Terekow telegram sosial media platformasynda aýtdy.

"Şäherde bir topar partlamanyň sesi eşidildi we bu ýerde şindi hem şähere tarap ugur alan ballistik raketalar bar" diýip, Terekow 25-nji dekabr säherinde ýazdy.

Ukrainanyň energiýa ministri Herman Haluşenko Russiýanyň 25-nji dekabrda "ýene-de energiýa pudagyna köpçülikleýin hüjüm edýändigini" aýtdy, ýöne ol haýsy şäherlere zarba urlandygyny anyklaşdyrmady.

Dnipropetrowsk häkimi Serhiý Lysak sebitiň "ir sagatlardan bäri agyr hüjüm astyndadygyny”, rus güýçleriniň “sebitiň elektrik ulgamyny ýok etjek bolýandygyny” habar berdi.