Ukraina kömegini goldaýan ABŞ-nyň wekili komitetiň başlygy wezipesinden boşadyldy

Maýk Turner (Respublikan-Ogaýo ştaty)

ABŞ-nyň Mejlisiniň başlygy Maýk Jonson (Mik Johnson) Ukraina berilýän goldawy aç-açan goldaýan Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň täsirli aňtaw komitetiniň başlygyny wezipesinden aýyrdy.

Jonson (Respublikan-Luiziana ştaty) 15-nji ýanwarda žurnalistlere beren maglumatynda wekil Maýk Turneriň (Respublikan-Ogaýo ştaty) ýurduň aňtaw gullugyna gözegçilik edýän komitetine mundan beýläk ýolbaşçylyk etmejekdigini aýtdy.

Jonson bu karary kabul etmeginiň sebäbini “aňtaw gullugyna we [komitet] bilen baglanyşykly ähli zada täze başlangyjyň gerekdigi” bilen düşündirdi.

Ol bu kararyň 20-nji ýanwarda inagurasiýa dabarasy geçiriljek täze prezident saýlanan Donald Tramp bilen baglanyşygynyň ýokdugyny hem belledi.

2023-nji ýyldan bäri agzalýan komitetiň başlygy bolup işlän Turner Ukraina berilýän goldawy aç-açan goldamakdan başga-da, Tramp bilen gapma-garşy gelýän beýleki pikirleri hem öňe sürüpdi.