Ukrain goşuny Russiýanyň Kursk sebitinde täze hüjüme başlady, analitikleriň aýtmaklaryna görä, bu ýakyn wagtda başlanmagyna garaşylýan ýaraşyk gepleşikleriniň arasynda Kiýewiň elini güýçlendirip, Moskwanyň ünsüni beýleki ugurlara sowup biler.
ABŞ-da ýerleşýän Urşy öwreniş instituty 5-nji ýanwar güni giçlik beren habarynda ukrain güýçleriniň Kursk sebitiniň çäginde azyndan üç ugur boýunça hüjüm operasiýalaryna gaýtadan başlandygyny we "taktiki öňegidişlikleri" gazanandygyny aýtdy.
Häzirki hüjümiň gerimi we öň hatarda anyk nähili üýtgeşmelere getirip biljekdigi entek belli däl, ýöne ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ukrainanyň Kurskdaky pozisiýasynyň Moskwa bilen Kiýewiň arasynda geljekde geçirilip biljek parahatçylyk gepleşikleri üçin örän möhümdigini aýtdy.
"Olaryň Kurskdaky pozisiýasy möhüm mesele, sebäbi bu gelýän ýylda bolup biljek islendik gepleşik üçin möhüm bir zat" diýip, Blinken 6-njy ýanwarda Seula eden saparynda žurnalistlere aýtdy.
Ukrain harby agentlikleriniň we rus bloggerleriniň habarlaryna görä, Russiýanyň Kursk sebitinde gyzgyn söweşler barýar.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 5-nji ýanwardaky beýanatynda aýdylmagyna görä, “ukrain ýaragly güýçleri Moskwa wagty bilen sagat 9 töwereginde, rus goşunlarynyň Kursk ugrundaky ilerlemesini togtatmak üçin, garşylyklaýyn hüjüme başlady”.
Beýanatda rus goşunlarynyň ukrain güýçlerini “ýeňmeklerini dowam etdirýändigi” nygtalýar.
Ukrainanyň baş ştaby 5-nji ýanwar güni giçlik bu sebitde 44 sany ýaragly çaknyşygyň bolandygyny, olaryň azyndan dokuzysynyň, gijäniň düşmegine garamazdan, henizem dowam edýändigini aýtdy.
"Ukrainanyň Goranmak güýçleri Kursk sebitindäki operasiýany dowam etdirýär" diýip, baş ştab telegramda ýerleşdiren habarynda belledi.
“Häzirki wagtda 44 söweş çaknyşygynyň bolandygy belli, olaryň 35-si eýýäm tamamlandy. Söweş dowam edýär" diýip, baş ştab aýtdy.
Ukrain goşunlary başda 6-njy awgustda duýdansyz hüjüm edip, serhetden geçdi we şondan bäri Russiýanyň özlerini doly kowup çykarmak synanyşyklaryna garşy durýar.
Ýaňy-ýakynda, Demirgazyk Koreýadan getirilen müňlerçe esgeriň goldamagy bilen, rus güýçleri öňe süýşdi, ýöne ukrain goşunlaryny doly kowup çykaryp bilmedi.
Rus harby analitigi Ýan Matweýew 6-njy ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda Kursk operasiýasynyň uzak möhletli maksatlara däl-de, gysga möhletli maksatlara gönükdirilene meňzeýändigini aýtdy.
"Ukrain güýçleriniň Kursk sebitindäki giň ýerleri, şol sanda Kurskyň özüni basyp almak üçin ýeterlik ätiýaçlyklarynyň bardygyny çen-çak etmek kyn" diýip, ol aýtdy.
Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak "Kursk sebitinden hoş habaryň" bardygyny we Russiýanyň "özüne mynasyp zada eýe bolýandygyny" aýtdy.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň dezinformasiýa garşy göreş merkeziniň başlygy Andriý Kowalenko hem wakalaryň ösüşi barada düşündiriş berip, Kurskdaky rus güýçlerine "birnäçe tarapdan hüjüm edilendigini, bu hüjümleriň olar üçin garaşylmadyk zat bolandygyny” aýtdy.
"Goranmak güýçleri iş başynda" diýip, Kowalenko ýazdy.
Russiýanyň urşy ýakyndan synlaýan blogçylarynyň telegram hasaplaryna görä, hüjüm rus pilotsyz uçarlaryna üstünlikli garşy durmak bilen, sowutly ulaglar, minalary aýyrýan ulaglar we elektron söweş ulgamlary bilen amala aşyrylýar.
Onlaýn wideolary Kursk sebitiniň gar bilen örtülen ýerlerinden hatar tutup barýan ukrain harby ulaglarynyň uzyn kolonnalaryny görkezýär.
MIG Rossyy kanaly, ukrain goşunynyň "ýerli üstünlikleri" gazanandygyny öňe sürdi we "Bular ownuk sabotaj toparlarynyň haýal hereketleri däl-de, eýsem giň gerimli hüjüm" diýdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu maglumatlary özbaşdak, garaşsyz ýagdaý barlap bilmedi.