Ukraina öz güýçleriniň ýurduň gündogar Donetsk sebitindäki Bahmut şäheriniň töwereginde barýan “gazaply” söweşlerde haýal ilerleme gazanýandygyny aýdýar.
"Biziň goşunlarymyz bu gazaply söweşde duşmandan alýan her metr ýerini goparyp alýar" diýip, goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malyar 29-njy iýunda eden beýanatynda aýtdy we “Olar öňegidişlik gazanýarlar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus güýçleri "öz pozisiýalaryny saklamaga synanyşýarlar, garşylykly hüjüm edýärler", ýöne "ýitgi çekenlerinden soň, kem-kemden yza çekilýärler" diýip, ol aýtdy.
Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Oleksandr Syrski hem ukrain goşunlarynyň yzygiderli, haýal ilerleme gazanýandyklaryny öňe sürdi.
"Biz Bahmutyň golaýynda ilerleme gazandyk we öňe süýşmegi dowam edýäris. Biz hereket edýäris" diýip, Syrski telegram kanalynda aýtdy.
Bahmut maý aýynda, uzaga çeken ganly söweşlerden soň, weýran edilen ýagdaýda rus goşunlary tarapyndan basylyp alyndy.
Başga bir ukrain serkerdesi 29-njy iýunda öz güýçleriniň Bahmutdan 3,5 km günortada ýerleşýän Klişçiýwka obasyny ele geçirendigini aýtdy.
"Bu Bahmutyň günortasyna ediljek hüjüm hereketleriniň başlanjak strategiki nokady" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň 57-nji brigadasynyň aňtaw rotasynyň serkerdesi Denis Ýaroslawskiý AÝ/AR-a aýtdy.
Azatlyk radiosy söweş meýdanyndaky wakalar barada berilýän maglumatlaryň ählisini garaşsyz ýagdaýda barlap bilmeýär.
29-njy iýunda günortadaky Herson sebitiniň Bilozerka şäherine edilen rus hüjümlerinde 71 ýaşly bir aýal öldürildi, iki adam ýaralandy diýip, sebit häkimiýetleri aýtdy.
Şeýle-de, edilen hüjümde azyndan 12 ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigi aýdylýar.
Halas edijiler ýurduň gündogaryndaky Kramatorsk şäherindäki restoranyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene bir jesedi çykardylar we ruslaryň bu şähere uran raketa zarbasynda ölenleriň sany 12 adama ýetdi diýip, ukrain resmileri 29-njy iýunda habar berdi.
Häkimiýetler ölenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny, 60-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.
"Jemi 12 adam, şol sanda üç çaga öldürildi, 60 adam ýaralandy we 11 adam halas edildi" diýip, Ukrainanyň gyssagly kömek gullugy aýtdy. Şeýle-de, beýanatda adatdan daşary ýagdaý we halas ediş işleriniň tamamlanandygy aýdylýar.
Häkimiýetler ýykgynçylygyň derejesini görkezýän pilotsyz uçar şekillerini hem çap etdiler.
Ýurduň gündogarynda, Ukrainanyň gözegçiligi astyndaky iň uly şäherleriň biri bolan Kramatorskda nyşana alnan pitsa restorany esgerler, žurnalistler we ýerli ilat arasynda örän meşhur bolan ýerdi.
Ukrain häkimiýetleri 28-nji iýunda Kramatorsk hüjümi bilen ilteşikli bolmakda gümän edilýän, rus içalysy diýip çaklanylýan adamy tussag etdiler.
Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy, ýörite polisiýa güýçleri bilen işleşip, gümän edilýän adamy tussag etdi diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 28-nji iýunda telegramda aýtdy.
"Rus terrorçylaryna jan almaga kim kömek etse, oňa iň ýokary jeza berilmeli" diýip, Zelenski özüniň gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.
Prezident ruslaryň raketa hüjümi bilen baglylykda tussag edilen adamyň anyk adyny aýtmady, ýöne Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy biraz öň onuň gaz transport kompaniýasynda işleýän ýerli adam bolup, nyşana alnan restorany surata düşürmekde we bu ýeriň il içindäki meşhurlygy barada ruslara habar bermekde güman edilýändigini aýtdy.
Ruslar Kramatorsk şäherine iki sany raketa atdylar, olaryň biri restorana we şäher merkezindäki söwda merkezine gelip ursa, ikinjisi Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýerleşýän şäheriň etegindäki oba düşdi.
Donetsk harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kyrylenko söwda merkezinden we pitsa restoranyndan başga, 18 gatly binanyň, bäş mekdebiň we iki sany çagalar bagynyň ýumrulandygyny aýtdy.
Harkowyň sebit häkimi Oleh Synehubow telegramda Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow sebitine urlan zarbada üç sany parahat ýaşaýjynyň öz öýleriniň golaýynda öldürilendigini aýtdy.
Kramatorsk Donetsk sebitiniň esasy şäheri we bu ýerde ukrain goşunynyň sebit merkezi ýerleşýär. Şu sebäpden, ruslaryň günbatara tarap öňe süýşmeginde esasy päsgelçilik bolup, bu şäheriň ruslaryň ýygy-ýygydan zarba urýan nyşanasyna öwrülen bolmagy mümkin.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 28-nji iýunda, parahat adamlaryň ýygnanyşýan ýerine urlan raketa zarbasy baradaky gahar-gazaba jogap hökmünde, Russiýanyň urýan zarbalarynyň diňe ol ýa-da beýleki görnüşde harby gurluş bilen baglanyşykly nyşanalara urulýandygyny öňe sürdi.
Anyk we degerli subutnamalara, köp sanly görkezijilere garamazdan, Moskwa Ukrainadaky parahat ilatyň topa tutulýandygy barada aýdylýanlary ençeme gezek inkär etdi.
Ukrainanyň baş ştabynyň 29-njy iýunda, irden beren hasabatyna laýyklykda, söweş meýdanynda, hususan-da Donetsk sebitiniň günbatar böleginde ýerleşýän Liman, Bahmut we Marýinka sebitlerinde soňky 24 sagatda ukrain we rus güýçleriniň arasynda 40 sany söweş çaknyşygy boldy.
Ukrain güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý ABŞ-nyň goşun generaly, bilelikdäki serkerdeler ştabynyň başlygy Mark Milli bilen frontdaky ýagdaý barada telefon söhbetdeşligini edendigini aýtdy.
Ukrain güýçleri "hüjüm hereketlerini dowam etdirýär" we "öňe ilerleýär" diýip, ol aýtdy. "Duşman güýçli garşylyk görkezýär, şol bir wagtyň özünde agyr ýitgi çekýär" diýip, Zalužniý sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu sebiti yzygiderli minalamak bilen, rus güýçleri öz pozisiýalaryny saklamaga synanyşýarlar diýip, Zalužniý sosial ulgamlarda ýazdy.
Şeýle-de, ol amerikan genaralyna ukrain goşunynyň gyssagly ýarag, ok-däri kömegine, minalary aýyrmak üçin zerur bolan enjamlara mätäçlik çekýändigini aýdandygyny aýtdy.