Ukrain ombudsmany Russiýany 5 sany uruş ýesirini öldürmekde aýyplaýar

Dmitro Lubinets 

Ukrainanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň rus goşunlaryna garşy bildiren soňky aýyplamasyna görä, rus güýçleri söweş wagtynda ýesir alnan ukrain esgerleriniň 5 sanysyny jezalandyryp öldürdiler.

Dmitro Lubinets 22-nji dekabrda rus goşunlarynyň bäş sany ýaragsyz esgeri, olar tabyn bolanlaryndan soň, golaý aralykdan atandyklaryny aýtdy.

Ol bu maglumat bilen baglylykda hiç hili jikme-jiklik getirmedi, ýöne telegramda ukrain harby bölüminiň bu wakany görkezýän wideony ýaýradandygyny aýtdy.

"Men bu fakty BMG-ä we HGHK-e ýetirerin” diýip, ol aýtdy.

"Ukrainaly uruş ýesirlerini atýan rus uruş jenaýatçylary halkara tribunalynyň öňüne getirilmeli we kanunda göz öňünde tutulan iň agyr jeza bilen jezalandyrylmaly" diýip, Lubinets sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýa bu aýyplama barada bada-bat düşündiriş bermedi, ýöne mundan öň uruş jenaýatlaryny amala aşyrýandygy barada aýdylýanlary ret edipdi.