9-njy oktýabrda Ukrainanyň harbylary Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar regionynda ýüzlerçe dronuň saklanan desgasynyň ýok edilendigini aýtdylar.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň maglumatyna görä, ukrain güýçleri Oktýabrskiý sebitiniň golaýyndaky, 400-e golaý Şahed dronlary saklanan ammar bazasyna hüjüm edipdirler.
Bu barada habar berlenden soň, Russiýanyň Ukrainanyň Odessa şäherine ganatly raketa bilen hüjüm etmegi netijesinde bäş adamyň heläk bolandygy mälim edildi.
Ukrainanyň premýer-ministriniň ýurdy täzeden gurmak boýunça orunbasary Oleksiý Kulebanyň Telegramda ýazmagyna görä, adam pidaly hüjümde Odessanyň port infrastrukturasyna hem zeper ýetipdir.
Ol hüjümde bäş adamyň heläk bolandygyny, ýene-de dokuzsynyň ýaralanandygyny aýtdy. Emma regional häkim Oleh Kiper alty adamyň ölendigini belledi.
Russiýanyň Krasnodar şäheriniň demirgazygyndaky Oktýabrskiý sebitindäki desga edilen hüjüm, harby-deňiz güýçleri we Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugy (SBU) bilen utgaşykda amal edildi diýip, Baş ştabyň beýanatynda aýdylýar.