Aeroportdaky bilet kassalary uçar biletleriniň söwdasynda 'araçylardan peýdalanýar, para alýar'

Ýolagçylar Aşgabadyň halkara howa menzilindäki bilet kassasynyň öňünde nobata garaşýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanyp, Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinden sebitlere syýahat edýän ýolagçylar uçar biletleriniň döwlet bahalarynyň üstüne para soralýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy aeroportdaky çeşmelerine salgylanyp, paýtagtdan sebitlere dolanýan raýatlaryň bilet kynçylyklary barada habar berýär.

“Aşgabat şäherine baryp düşenden soňra, aeroportdaky kassalarda welaýatlara uçar biletleri tapdyrmaýar” diýip, daşary ýurtdan Türkmenistana dolanan bir ýolagçy gürrüň berýär, ýöne döwlet bahasynyň üstüne goşmaça para berseň, bilet tapmagyň mümkindigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýaňy-ýakynda Aşgabatdan Daşoguz şäherine uçan beýleki bir ýolagçy aeroportda uçar peteginiň 120 manat bolan döwlet bahasynyň üstüne goşmaça para bermäge razy bolandygyny gürrüň berýär.

Ýolagçylara görä, bilet kassasynda müşderilerden göni para soralmaýar, ýöne kassanyň gapdalynda goşmaça para bilen bilet satyn alyp bermegi wada berýän adamlar peýda bolýar.

Degişli maglumat Içerki gatnawlarda awiabiletleriň döwlet bahasynyň üstüne 'para soralýar'

Ýolagçylar kassalara sözi geçýän bu ‘araçylaryň’ raýat eşigindäki polisiýa işgärleri bolandyklaryny aýdýarlar.

“Polisiýa işgäri 500 manat pulumy alyp, pylança belgili kassanyň öňüne baraý diýdi. Men onuň aýdan kassasynyň öňüne baryp nobata garaşdym. Nobatym ýetdi welin, kassire jaň geldi. Ol meniň pasportymy alyp, nobatdaky uçar gatnawyna bilet satdy. Kassa 120 manat töleg töledim. Uçara münüp, Daşoguza gaýtdym” diýip, ýolagçy aýdýar.

Habarçymyzyň beýleki bir söhbetdeşi, Lebap welaýatyndan bolan bir ýaşaýjy Türkmenabatdan Aşgabada uçmagyň kynçylyklary barada gürrüň berýär.

Türkmenistanyň aeroportlarynda uçar gatnawlaryna biledi bolup, uçarlara münmedik ýa-da münüp ýetişmedik raýatlaryň orunlary uçuşa isleg bildirýän biletsiz ýolagçylara satylýar. Bu tejribe ilat arasynda “dosadka” çykmak atlandyrylýar.

Türkmenabatly ýolagçy şäheriň halkara howa menzilinde uçuşdan iki sagat öň, “dosadka” biletleriniň tapdyrýandygyny aýdýar.

“Dosadka biletleriniň bahasy 600 manat, ýörite polisiýa işgäri satyn alyp berýär” diýip, ýolagçy aýdýar.

Ýolagçylar adaty şertlerde, gyssagly bolmadyk halatlarda Türkmenabatdan Aşgabada 10 gün öňünden biletleri satyn almagyň mümkindigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynda uçar biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne para soralmagy barada yzygiderli habar berip gelýärler. Habarçylarymyz soňky sapar sentýabryň ahyrlarynda, Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlap, ýurtda emele gelen bilet gytçylygy barada habar berdiler.

“Türkmenhowaýollary” agentligi mundan ozal birnäçe gezek para aýyplamalary boýunça gün tertibine getirildi.

Degişli maglumat Döwlet telewideniýesi korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýanlary görkezdi

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi uçar biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne para almakda aýyplanan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň birnäçe işgärini görkezdi.

Agentligiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň ýolbaşçysynyň hem-de bir bilet satyjysynyň birnäçe raýatlar bilen dilleşikli hereket edip, biletleriň döwlet bahasynyň üstüne müşderilerden para almakda hem-de arada durup uçar biletleri üçin para alyp bermekde aýyplanyp tussaglyga höküm edilendikleri mälim bolupdy.

Daşary ýurt howa gatnawlarynyň uçar biletleri bilen bagly korrupsiýada aýyplanýan adamlar özleriniň müşderilerden para alandyklaryny döwlet telewideniýesinde boýun aldylar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we hökümetçi neşirler uçar biletleri bilen bagly korrupsiýa hadysalary boýunça diňe döwlet telewideniýesinde prokuratura barlaglarynyň netijeleri hökümet maslahatlarynda aýan edilende habar berýärler.

Azatlyk Radiosy içerki gatnawlar boýunça öňe sürülýän korrupsiýa aýyplamalary boýunça “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.