Gazagystanda tussaglykdaky žurnalist Duman Muhammedkarim täzeden açlyk yglan etdi. Muhammedkarim 2-nji awgustda esktremistiki topary maliýeleşdirmekde we gadagan edilen toparyň hereketlerine gatnaşmakda günäli tapylyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol we onuň goldawçylary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret edýärler.
Muhammedkarimiň aklawçysy Ghalym Nurpeýsowyň 12-nji awgustda Azatlyga aýtmagyna görä, onuň müşderi tussaglyk möhletiniň bolmalysyndan bir gün öň başlanmagyna garşy protest hökmünde, açlyk yglan edipdir.
Žurnalistiň özüniň kazyýet diňlenişiginiň gizlin geçirilmegine garşy protest hökmünde geçiren ençeme açlyk protestlerinden soň, onuň saglyk ýagdaýynyň ýiti ýaramazlaşmagy sebäpli, geçen aý ol keselhana geçirilipdi.
Hukuk toparlary ony syýasy tussag hökmünde ykrar etdiler.