Tussaglykda Kadyrowyň ogly tarapyndan urlan rus 13 ýarym ýyl aldy

Nikita Žurawel

Nikita Žurawel, deslapky tussaghanada saklanylýan wagtynda çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň ýetginjek ogly tarapyndan ýenjilen rus syýasy tussagy, dönüklikde günäli bilnip, 13 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Wolgograd sebit kazyýeti 20 ýaşly Žuraweli 25-nji noýabrda, Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugynyň (SBU) wekiline, hamala, otly bilen daşalýan harby enjamlaryň wideo ýazgylaryny, söweş uçarlarynyň şekillerini, harby gulluk ulaglarynyň hereketleriniň jikme-jikliklerini iberendigi üçin günäkär tapdy.

Žurawel ilki dogduk şäheri Wolgogradda, Gurhany otlandygy üçin diýip, bozgaklykda aýyplandy we Çeçenistandaky kazyýet tarapyndan fewral aýynda 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şeýle-de, dindarlary kemsidendigi üçin, ol 300 sagat jemgyýetçilik işlerine höküm edildi.

Bu tussaglyk möhletleriniň şol bir wagtda ýa-da yzygiderli ýerine ýetiriljekdigi bada-bat belli bolmady.

Žurawel kazyýetdäki kazyýet diňlenişigi wagtynda öz eden hereketlerini boýun aldy we musulman jemagatyndan ötünç sorady, ýöne hiç kimi kemsitmek niýetiniň bolmandygyny aýtdy.

Bu iş, Žuraweliň Çeçenistanda saklanýan wagtynda Ramzan Kadyrowyň şol wagt 15 ýaşly ogly Adam Kadyrowyň hüjümine sezewar bolandygy bilnenden soň, giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekdi.

Türmede edilen hüjümiň wideosy uly Kadyrow tarapyndan sosial ulgamlarda paýlaşyldy we köpçüligiň gahar-gazabynyň möwjäp galmagyna sebäp boldy.

Emma muňa garamazdan, Çeçenistandaky hukuk goraýjy edaralar hiç hili subutnamanyň ýoklugyny aýdyp, bu iş boýunça jenaýat derňewini geçirmekden ýüz öwürdiler.

Kadyrow öz oglunyň hereketlerini aç-açan gorap, eger-de ogly Žuraweli öldüren bolsa, şonda has gowy boljakdygyny aýtdy.

Adam Kadyrow şondan biraz soň sebitdäki iň ýokary at-dereje, "Çeçenistan Respublikasynyň Gahrymany" diýen at bilen sylaglandy we Russiýanyň beýleki birnäçe sebitinden berlen sylaglara hem mynasyp boldy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” topary Žuraweli syýasy tussag hökmünde ykrar etdi, Gurhany otlamak bilen bagly aýyplamalary sorag astyna aldy, onuň derňew we kazyýet seljermesi üçin Wolgograddan esasan musulman ilatly Çeçenistana geçirilmegini tankyt etdi.

Şeýle-de, bu guram Žuraweliň tussaglykda duçar bolan zorlugyny kanunyň düýpli bozulmagy hökmünde häsiýetlendirdi we berk ýazgardy.