Tussag edilen öňki ministriň aýaly, aklawçysy para bermek synanyşygynda güman edilýär

Gazagystanyň ozalky medeniýet ministri Arystanbek Muhamediuly kazyýet diňlenişigi wagtynda

Gazagystanyň ozalky medeniýet ministri Arystanbek Muhamediulynyň aýaly we aklawçysy geçen aýda öňki ministri sekiz ýyl azatlykdan mahrum eden kazylara para bermek synanyşygynda güman edilýär diýip, Merkezi Aziýa döwletiniň korrupsiýa garşy göreş gullugy 3-nji iýulda, şübhe astyna düşenleriň atlaryny aýtmazdan aýtdy.

Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň maglumatyna görä, häzir deslapky tussaghanada saklanýan aklawçynyň Muhamediulynyň aýalyndan ýokary derejeli kazyýet işini alyp baran kazylara bermek üçin 460 000 dollar alandygy güman edilýär.

Bu iş boýunça başga jikme-jiklikler berilmedi.

Astana kazyýeti Arystanbek Muhamediulyny ogurlyk aýyplamalarynda günäli tapdy we döwlet tarapyndan berlen baýraklaryndan hem mahrum etdi.

Muhamediuly 2022-nji ýylyň maý aýynda, hökümete garşy gurnalan görlüp-eşidilmedik halk protestleri rehimsiz basylyp batyrylandan soň, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň özünden öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewi we onuň ýaranlaryny syýasy sahnadan aýyrmak kampaniýasynyň arasynda tussag edildi.

Degişli maglumat Gazagystanyň öňki medeniýet ministri 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi