"Türkmenistanyň göze görünmeýän älemgoşary" - Azatlygyň dokumental filmi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Türkmenistanyň göze görünmeýän älemgoşary" — bu dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biri Türkmenistanda öz hak-hukuklary we azatlygy üçin göreşýän batyrgaý adamlar barada gürrüň berýän täsirli dokumental film. Filmiň baş gahrymany 29 ýaşly Dawut Omarow öz şahsy başdan geçirenlerini paýlaşýar. Şeýle hem ýurduň içinde LGBTQ+ jemgyýetleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda gürrüň berýär. Ol Türkmenistanda agyr gynamalara, sütemlere duçar bolandygyny, hatda onuň maşgala agzalaryna basyş etmek bilen hem haýbat atylandygyny aýdýar. Ol öz howpsuzlygy sebäpli Türkmenistandan gaçyp çykdy we häzir Polşada ýaşaýar. Diskriminasiýanyň, yzarlamalaryň we öz-özüň bolup ýaşamak hukugy ugrunda göreşiň hakyky mysallary bilen tanyşyň.