Türkmenistanda gazet-žurnallara býujet işgärlerini, talyplary hatda mekdep okuwçylaryny mejbury abuna ýazmak möwsümi batlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary abuna möwsüminiň Mary we Lebap welaýatlaryndaky aýratynlyklary barada habar berýärler.
“Mary welaýatynda gazet-žurnallara abuna ýazylmak üçin býujet işgärlerinden 80 manat, talyplardan 50 manat, mekdep okuwçylaryndan 20 manat möçberinde pul ýygnalyp alynýar” diýip, maryly býujet işgärleri aýdýar. Ýygnalýan pullar ýarym ýyllyk abuna töleglerini öz içine alýar.
Degişli maglumat Balkanda garaşsyz neşirlere abuna bolan raýatlar soraga çekilip, olara basyş görkezilýärGazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edilýän raýatlar ýerli neşirlerde gyzykly maglumatlaryň çap edilmeýändigini, ähli maglumatlaryň diňe propaganda äheňli bolandygyny aýdýarlar.
Ýöne Mary welaýatynda şeýle maksatlar bilen mekdep okuwçylaryndan hem pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagy ýerli ýaşaýjylarda sorag döredýär.
“Abuna ýazmak üçin 6-12-nji klas okuwçylardan hem pul serişdeleri ýygnalyp alynýar. Olarda girdeji ýok ahyryn. Ýöne bu zatlar hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Eger okuwçylar soralýan pullary wagtynda eltip bermeseler, mekdep lineýkasynda pul bermedik okuwçylaryň atlary agzalýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Lebap welaýatynda hem nobatdaky abuna möwsümine badalga berildi.
Türkmenabatda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan mugallymlar bu welaýatda gazet-žurnallar üçin özlerinden 50 manat möçberinde pul serişdeleriniň talap edilýändigini aýdýarlar.
Magaryf işgärleri “Mugallymlar gazetine” hem-de “Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat çaparyna” hökmany suratda abuna ýazylmaly bolýarlar.
Mugallymlar abuna töleglerini poçtanyň üsti bilen geçirýärler we töleg kwitansiýalaryny mekdep kitaphanalaryna eltip bermäge borçlanýarlar.
Birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanda gazet-žurnallaryň onlaýn görnüşleri hem çykarylyp başlanypdy.
“Mekdep müdirleri, başarsalar, ählimizden gazet-žurnallaryň diňe elektron görnüşine ýazylmagy talap etjekler, ýöne meniň kärdeşlerim, mümkin boldugyndan, gazet-žurnallaryň kagyz görnüşlerini almaga synanyşýarlar” diýip, magaryf işgäri aýtdy we bu ýagdaýyň sebäplerini delillendirdi.
Ýerli ýaşaýjylar gazet-žurnallary kagyz galyndylary hökmünde satyp, pul gazanmagyň mümkindigini aýdýarlar.
Bir mugallym okuwçylaryň mekdep arhiwlerinde saklanylmaly ýazuw we barlag iş depderleriniň hem-de beýleki kagyzlaryň toplanylyp, kagyz galyndylarynyň kilesini 7 manatdan isleg bildirýän taraplara satyp bolýandygyny aýdýar.
“Wagtal-wagtal kagyz galyndylarynyň üstünde mugallymlaryň arasynda dawa-jenjeller hem ýüze çykýar” diýip, mugallym aýdýar.
Öňki ýyllarda Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesinde iri kagyz kombinaty işe girizildi. Türkmen metbugaty ýerli kärhanalaryň kagyz önümlerini öndürip, olaryň daşary ýurtlara eksport edilýändigini aýdýar.
Hökümetçi neşirler öňki ýyllarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bir ýerli kärhanada aýda kagyz galyndylarynyň 230 tonnasyny, gowaça çöpüniň, samanyň hem-de gamşyň 60 tonnasyny gaýtadan işläp, rulon görnüşinde kagyzlary öndürmegiň mümkindigini habar berdiler.
Ýerli neşirler ýurtda öndürilýän kagyz önümleriniň Özbegistan we Türkiýe ýaly daşary ýurt döwletlerine-de eksport edilýändigini habar berýärler.
Beýleki bir habarda Mary welaýatynda ýerleşýän başga bir hojalyk jemgyýetiniň bir ýylda 22 müň tonna kagyz galyndysyny gaýtdan işländigi habar berilýär. Bu kärhana her aýda 200-300 tonna kagyz galyndysyny satyn alýan ekeni.
Kagyz galyndylaryna bolan talabyň güýçlenýän ýurdunda mugallymlar Lebap welaýatynda gazet-žurnallaryň elektron görnüşine däl, kagyz görnüşine ýazylmagyň has amatly bolandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Býujetçilerden, talyplardan gazet-žurnallara abuna ýazylmak talap edilýärBu welaýatda talyplardan gazet-žurnallaryň diňe elektron görnüşine ýazylmaklyk talap edilýär. Munuň üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk institutynda stipendiýa alýan talyplardan 100 manat, beýleki talyplardan 70 manat möçberinde pul serişdeleri ýygnalyp alynýar.
Saglyk pudagynyň işgärleri hem abuna talaplary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olar özleriniň hökmany ýazylmaly edilen “Saglyk” atly žurnalynda esasan Gurbanguly Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikleriniň giňden wagyz edilýändigini aýdýarlar.
“Diňe puluny berýäris, gazet-žurnallary okaýan adam ýok” diýip, türkmenabatly bir talyp ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Gazet-žurnallarda diňe ýalan zatlar ýazylýar. Hökümetiň gözegçiliginiň astynda saklanýan gazet-žurnallary hiç kimiň okamaýandygyny hemmeler bilýär. Üstesine, biziň gazet-žurnal okamaga wagtymyz ýok” diýip, saglyk işgäri aýdýar.
Türkmenistanda hökümet gazet-žurnallaryň ählisini berk gözegçilik astynda saklaýar. Bu ýurt metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda iň yzdaky orunlary eýeleýär.
Býujet işgärleri we beýlekiler berk hökümet gözegçiliginde çykarylýan gazet-žurnallara meýletin abunaçy hökmünde ýazylmaga mejbur edilýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.