Türkmenistanyň baş prokurory täzelendi

Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmyrat Muhamedow bellenildi.

Türkmenistanyň baş prokurory Serdar Mälikgulyýew wezipesinden boşadyldy.

Bu bardaky degişli karara prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Kararda Mälikgulyýewiň “prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin” boşadylandygy aýdylýar. Emma, adatça bolşy ýaly, ýokary derejeli resmileriň anyk kemçilikleri barada maglumat berilmedi.

Mälikgulyýew bu wezipä 2022-nji ýylda bellenilipdi we ondan öň Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinde işläpdi. Onuň soňky ykbaly aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmyrat Muhamedow bellenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.