Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça federasiýasyna jerime salyndy

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça federasiýasyna, gadagan edilen kuwwatlandyryjylar, ýagny doping babatdaky düzgünleri sistematiki ýagdaýda bozandygy üçin, $80 müň möçberinde jerime salyndy. Bu barada 17-nji iýulda Halkara test agentligi habar berdi.

Federasiýa jerimäni, bu baradaky karardan soňky alty aýyň içinde tölemeli bolar.

Maglumata görä, 2023-nji ýylyň 15-nji fewraly – 18-nji maýy aralygynda türkmenistanly dört sportsmeniň, ýagny Rejepbaý Rejepowyň, Medine Amanowanyň, Ogulgerek Amanowanyň we şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk ýene bir türgeniň dopinge garşy düzgünleri bozandygy baradaky netijä gelnipdir.