“Türkmenistandaky korrupsiýa sebäpli... daşary ýurda okuwa gitdim”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Iňlis dili mugallymy Maksat Gurbanow eýýäm 12 ýyl çemesi daşary ýurtlarda ýaşaýar. Ol entek 17 ýaşynda wagty, Türkmenistanyň bilim pudagynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa sebäpli, ýokary okuw jaýyna girip bilmejekdigine göz ýetirip, Malaýziýa okamaga gidýär. Ol mundan soňra Wýetnama aşyp, ol ýerde mugallymçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Ol Türkmenistandaky kanun bozmalar barada Internetde çykyş edip başlanyndan soňra, onuň ýurtdaky maşgala agzalaryna hem basyş edilip başlandy. Maksat howpsuzlyk aladalary sebäpli, Türkmenistana entek dolanmagy meýilleşdirmeýändigini aýdýar.

Wideo: Migrant-Media