“Türkmenistandaky jaýymyň elimden alynmagyny adalatsyzlyk hasaplaýaryn”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýede sekiz ýyl bäri zähmet çekýän türkmen migranty Jemal, Türkmenistanda özünden bihabar geçirilen kazyýet diňlenişiginiň netijeleri boýunça, özüniň ýeke-täk jaýynyň elinden alnandygyny aýdýar. Ol suduň bu karary bilen ylalaşmaýandygyny belleýär. Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen emeldarlarynyň raýatlaryň hukuk sowatsyzlygyndan hyýanatçylykly peýdalanýandyklaryny nygtaýarlar.

Wideo: Migrant-Media