Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň geçen hepdede aradan çykmagy Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň ýüzbe-ýüz bolýan agyr kynçylyklaryna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we awtoritar ýurtlarynyň biri bolup, ol ýerde erkin habar beriş serişdeleriniň işgärleri yzarlanýarlar, gynalýarlar, hatda olara ölüm howpy abanýar.
Soltan Açylowa 20 ýyl mundan ozal kärini üýtgedipdi. Aşgabatly türkmen ykdysatçysy kärini üýtgedip, erkin žurnalistika bilen meşgullanmak isläninde, täze baş goşan işiniň belli bir derejede pida talap etjekdigine düşünýärdi.
Ol özgerişlere taýýardy, emma täze işiniň "öz durmuşyny düýbünden tersine öwürjekdigi", yzarlanmak, fiziki taýdan topulyp öç alynmak we hatda ölüm howpunyň abanjakdygy barada göwnüne getirmändi.
«Žurnalist bolup işläp başlanymdan bäri Döwlet howpsuzlyk agentleri meniň yzyma düşdüler. Olar meniň maşgalamy-da yzarlaýarlar, biziň telefon gepleşiklerimizi diňleýärler – diýip, 74 ýaşly Açylowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. – Birnäçe gezek elektrik togumyzy we suwumyzy kesdiler. Häkimiýetler dogan-garyndaşlaryma haýbat atyp, olardan meniň bilen gepleşmegini bes etmegi talap etdiler, ýogsam işlerini ýitirjekdigini duýdurdylar».
Türkmenistan "Serhetsiz reportýorlar" (RSF) ýaly halkara guramalary tarapyndan taýýarlanylan metbugat azatlygy boýunça hasabatlarynda, dünýä derejesinde iň soňky ýerleriň birini yzygiderli eýeläp gelýär. Bu awtoritar ýurtda, iş ýüzünde garaşsyz habar beriş serişdeleri ýok, RSF-niň habar bermegine görä, ýurduň žurnalistikasy režimi öwmekden başga hiç zada gatnaşmaýar. Hökümet başgaça pikir edýänleri rehimsiz basyp ýatyrmagyny dowam etdirip, käbir tankytçylary yzarlaýarlar, olary urýarlar, gynaýarlar, tussag edýärler, hatda öldürýärler. Olaryň köpüsi yzarlamalardan gaçyp, ýurtdan gaçyp çykmaly boldular.
Açylowa Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň öňki habarçysy, häzir bolsa Ýewropada ýerleşen "Türkmenistanyň hronikasy" saýtynyň habarçysy hökmünde, Türkmenistanda iň soňky garaşsyz žurnalist bolup galýar. Ol awtoritar hökümeti açyk tankytlaýar. Ýene birnäçe adam daşary ýurt habar serişdeleri bilen gizlin işleşýär.
Golaýda 35 ýaşynyň içinde ýogalan Azatlygyň öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşowa türkmen häkimiýetleri "seni gabyra gabarys” diýip haýbat atýan ekenler. Munuň özi ýene-de Türkmenistanyň žurnalistlere we olaryň maşgalalaryna eden işleri üçin nähili çäre görýändigine ünsi çekdi.
«SENI UZAK WAGTLAP TÜRMÄ BASARYS»
Allaşow 2016-njy ýylda Azatlyk bilen bary-ýogy üç aý işledi, onda azyk gytçylygy, pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet, öz dogduk mekany Daşoguz welaýatynda işgärleriň aýlyk haklarynyň gijikdirilmegi ýaly temalary gozgapdy.
Azatlygyň žurnalistini we onuň ejesi Gurbantäç Arazmedowany 2016-njy ýylyň dekabrynda öýünde has saklaýandygy üçin tussag etdiler. Türkmenistanda nas gadagan edilýär, emma aýratyn jenaýata çekmediler. Häkimiýetleriň Allaşowyň žurnalistik işi üçin ar aljak bolup, bu işiň açyk ýasalandygy bellidi.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Allaşow saklananda, urlup-ýenjilendigini, şol sanda elektrik toguna tutulandygyny habar beripdi. Polisiýa işgärleri žurnalistiň aýaly Ejeş Arazgylyjowany we iki kiçi çagasyny-da soraga çagyrypdyr. Hukuk goraýjy edaralara ýakyn çeşmäniň maglumatyna görä, Arazgylyjowany we onuň gaýynenesini Hudaýberdiniň tussag edilendigi baradaky maglumatlary ýaýradandygy üçin urupdyrlar.
Günbatar diplomatlarynyň we halkara adam hukuklary boýunça guramalaryň berk tankydyndan soň, žurnalist we onuň ejesi kazyýet tarapyndan eýýäm üç ýyl şertli türme tussaglygyna höküm edeninden birnäçe wagt geçensoň azatlyga goýberildi.
Allaşow Azatlygyň Türkmen gullugy bilen işlemegini bes etdi, emma hökümet tarapyndan onuň yzarlanmagy bes edilmedi.
2019-njy ýylyň oktýabrynda Allaşow ýene-de öz dogduk mekany Köneürgençde tussag edildi hem-de ençeme sagatlap sorag wagtynda urlup-ýenjildi. Oglunyň tussag edilmegi sebäpli kyn ýagdaýa düşen ene iki günden soň keselhanada ýürek yzasy sebäpli aradan çykdy.
Şol ýylyň noýabr aýynda nobatdaky gezek ýene-de bir soraga çagyryldy. Polisiýa işgärleri žurnalisti boşatdy, ýöne häkimiýetleriň "gabyra süsdürýänçä" özüni erkin goýmajakdygyny duýdurypdy diýip, Allaşow Azatlyga gürrüň berdi.
2022-nji ýylyň maýynda Allaşow we onuň aýaly şäher administrasiýasynyň işgärleriniň bir topary tarapyndan agyr urlup ýaralandylar. Şol bir wagtda, žurnalistiň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň garşysyna resmi taýdan hiç hili aýyplama bildirilmedi.
2023-nji ýylyň dekabrynda Allaşow ýene-de tussag edildi. Häkimiýetler žurnalistiň indi "uzak wagtlap gözenegiň aňrysyna dykyljakdygyny" aýtdylar.
Halkara adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň talaplarynyň fonunda, Allaşow 15 gün administratiw tussag edilenden soň boşadyldy. Ýöne türmede ýaramaz daraşandygy sebäpli, žurnalistiň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, ol 13-nji awgustda aradan çykdy.
Allaşowy tanaýan adamlar onuň ölüminiň häkimiýetleriň sekiz ýyl rehimsiz yzarlanmasy sebäpli çeken fiziki we ruhy azaplary bilen baglydygyny düşündirýärler. Garaşsyz žurnalist bolup işländigi üçin, ony jezalandyrmaga çalyşdylar.
Hudaýberdi Allaşowyň ölümi beýleki bir žurnalist Ogulsapar Myradowanyň pajygaly ölümini ýatlatdy. Ol 18 ýyl mundan ozal Garagum çölünde ýerleşýän Owadandepe türmesinde aradan çykdy. Aýalyň bedeninde ýowuz daraşmagyň yzlary bardy. Ony gynapdyrlar, şol sanda bogup horlapdyrlar.
58 ýaşly Myradowa bikanun ýarag edinmekde aýyplanyp, hamana polisiýa işgärleri onuň maşynyndan ok tapandygy aýdanyndan soň, örän şübheli aýyplanma bilen ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň pikirine görä, onuň aýyplama işi žurnalistik işleri üçin ar alynmagydyr.
Garaşsyz žurnalist Nurgeldy Halykow iýun aýynda türmeden boşadyldy. Ol "COVID-19" pandemiýasynyň çäginde, Türkmenistana baran Bütindünýä Saglyk Guramasynyň delegasiýasynyň suratyny çap edendigi üçin, dört ýyl türmede oturdy.
Hiç hili ýokanç keselleriň hasaba alynmandygyny öňe sürýän ýurtda "COVID-19" temasy ünsi aýratyn özüne çekiji boldy. Ýewropada ýerleşen Turkmen news garaşsyz habar saýtynyň habarçysy Halykow maliýe galplygynda günäli tapyldy. Emma onuň tarapdarlary häkimiýetleriň ondan ar alanyny aýdyp, bu aýyplamalary inkär edýärler.
«PIKIRLENMEK UKYBYNY ÝITIREN ÝAŞLAR»
Soltan Açylowanyň aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistleriň ýurtda işlemeginiň we ýaşamagynyň öňüni almak üçin, elinden gelenini edýärler. «Maglumat toplamak üçin, adamlar bilen habarlaşjak bolanymda, meniň yzymdan gözegçilik edýän howpsuzlyk agentleri ol adamlar bilen dessine habarlaşyp, haýbat atyp, meniň bilen gepleşmezligi tabşyrýarlar» diýip, Açylowa gürrüň berýär. Hökümet işgärleriniň material ýygnamak mümkinçiligini çäklendirjek bolýandyklaryny aýdýar.
«Sesiniň eşidilmegini isleýän az sanly adamlar bar, olar meniň bilen elektrik, suw ýa-da ýer meselesi ýaly kynçylyklar hakynda gürleşýärler, emma türkmenistanlylaryň köpüsi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gürleşmekden gaty gorkýarlar» diýip, žurnalist aýdýar.
Ýurtda giňden ýaýran gorky howpunyň astynda, adamlar polisiýa bilen bagly kynçylyklardan gaça durmak üçin, "eşitmezligi”, “görmezligi" we "dymmagy" gowy görýärler.
Açylowa köçede barýarka, onuň garşysyna hüjüm boldy, polisiýa tarapyndan soraga çekildi, haýbat atyldy, aeroportda ony barlamak üçin, çykarynmaga mejbur etdiler, soňra halkara konferensiýasyna gatnaşmak üçin, daşary ýurda gitmegini gadagan etdiler.
Onuň bu hyzmaty şahsy durmuşyna-da ýaramaz täsir edýär. Dogan-garyndaşlarynyň, tanyşlarynyň we goňşularynyň köpüsi "soňky netijeler" barada resmi duýduryşlardan soň, onuň bilen aragatnaşyk saklamagy bes etdiler.
«Jaýymyzyň alnyndaky agşamlaryna goňşularyň toplanýan ýerine oturmaga çykanymda, her kim ýeke-ýekeden gidýär – diýip, Açylowa gürrüň berýär. – Olar meni (hökümetiň) halamaýandygyny bilýärler. Hiç kim kynçylyk islemeýär».
Açylowa Türkmenistanda erkin habar beriş serişdeleriniň ýoklugyndan, maglumat azlygyndan we ýaşlaryň ýagdaýyndan alada edýär. Häkimiýetler sosial ulgamlaryň ählisine diýen ýaly, messenjerlere we garaşsyz habar saýtlaryna girmäge päsgel berýärler.
«Türkmenistanda ýaşlaryň köpüsi döwlet ideologiýasy sebäpli pikirlenmek ukybyny ýitiren, olar başga bir gözgaraýyşy bilmeýärler – diýip, Soltan aýdýar. — Olar üçin söz azatlygy, adam hukuklary rowaýat».
Kynçylyklara garamazdan, Açylowa "entek özi diri wagtynda" Türkmenistanda işini dowam etdirjekdigine özüne wada berdi. Ol öz reportažlarynyň näme-de bolsa bir zady üýtgetjekdigine ynanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.