Türkmenistanda ýurduň daşyndan baranlara tölegli COVID test etdirýärler

Illýustrasiýa suraty

Pandemiýa dünýä derejesinde tamamlanaly bäri alty aýdan gowrak wagt geçensoň hem Türkmenistana barýan adamlar koronawirus keseliniň synagyndan geçmeli bolýar. Bu hyzmat tölegli. Ondan geçen ýolagçylar synagyň galpdygyny, testiň netijesiniň anyklanmaýandygyny, ýöne töleg almak üçin edilýändigini aýdýarlar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistana daşary ýurtlardan baran paýtag ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, aeroportda geçirilýän test diňe göz üçin edilýär, ýolagçylar hakykatda barlag bolmadyk bir synagyndan geçmeli bolýarlar.

"Bu, synag geçirmezden aç-açan pul almak usulydyr. Hakyky galplyk", diýip, ýakynda ýurduna dolanan aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Koronawirus testleri Aşgabadyň we Lebabyň aeroportlarynda geçirilýär.

Degişli maglumat Dünýäde pandemiýanyň doly ýatyrylandygyna garamazdan, Türkmenistan COVID-19 testlerini talap edýär

Türkmenistan, global pandemiýanyň gutarandygyna garamazdan, ýurda girýänleri synamagy dowam etdirýär. 2023-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Saglyk Guramasy pandemiýanyň gutarandygyny resmi taýdan yglan edip, koronawirusyň indi halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý däldigini mälim etdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky aeroportlaryň wekillerinden maglumat ýa-da düşündiriş alyp bilmedi. Emma Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy aeroportda geçirilýän koronawirus synagynyň käbir jikme-jikliklerini anyklady.

"Aşgabatda [aeroportunda] bir aýal paketden uzyn taýak alýar we seresap etmezden adamyň burnuna sokýar we derrew zibile taşlaýar. Köp adam bu amaldan soň burnundaky agyrydan zeýrenýär. Ol ýolagçynyň adyny žurnala ýazýar we ellerini süpürmän, indiki adamyň burnundan suwuklyk alýar"- diýip, ýagdaýy öwrenen habarçymyz gürrüň berýär.

Bu amalyň bahasy 62 manat. Synag üçin manatda we dollarda töläp bolýar, ýöne pul resmi kursdan, ýagny gara bazaryň kursundan 5 esse pes bahadan çalyşylýar.

Habarçy puly kassa tölemeldigini we ol ýerde nobatlaryň bardygyny, şepagat uýasyna uly kupýura bilen töleýänlere galan puluň gaýdyp berilmeýändigini aýdýarlar: "Şepagat uýasynyň sebedine 100 manat zyňýarlar, ýöne artykmaç pul yzyna gaýtarylmaýar. Köpçülikde manat bolmaýar, olara dollary resmi kurs boýunça manada çalyşyp berýärler. Adamlarda köplenç dollaryň uly kupýurasy bolýar, şol puluň ählisini resmi kurs boýunça çalyşmaly bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Şu ýylyň tomsynda Aşgabadyň aeroportunda COVID-19 synagynyň bahasy 130 manat bolupdy ýagny Merkezi bankyň kursy boýunça 37 ABŞ dollaryna barabar. Şonda Azatlygyň çeşmeleri synag geçirmezden hem howa menzilinden çykyp bolýandygyny we munuň üçin 50 ABŞ dollaryny bermelidigini habar beripdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen käbir adamlar, häzir galp görnüşde geçirlýän koronawirus synagy hakyky synaglardan has gowy diýip hasap edýärler. Olar öz garaýşyny düşündirip, öň synag netijelerine köp garaşmaly bolandygyny aýdýarlar.

"Öň test geçirenlerinden soň birnäçe sagatlap gaaşdyrýardylar. Ýöne şonda-da hiç hili synag geçirilmändi" - diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda dümew we koronawirus keseline garşy giň gerimli sanjym kampaniýalary alnyp barylýar

Pandemiýa döwründe we ondan soň Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýekeje-de ýagdaýy resmi hasaba alynmady. BSG-niň wekilleri türkmen häkimiýetlerini ýurtda koronawirus keselini anyklamak üçin garaşsyz barlaglary geçirmek üçin hyzmatdaşlyga çagyrypdy, emma bu tagallalar başa barmandy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny yzygiderli öňe sürdüler. Koronawirusa garşy göreşmek üçin ýurtda hökmany waksinasiýa, maska dakynmak talaby, üswent tütetmek we buýan köki ýaly beýleki ösümlikleriň peýdasyny döwlet derejesinde mahabatlandyrmak ýaly usullary ulandylar.

Emma Azatlygyň çeşmeleri ýurtda koronawirusyň pidalarynyň sanynyň ýöredilendigini anykladylar. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky ynamdar çeşmesi ýurtda koronawirusdan heläk bolan 25 000-den gowrak adamyň hasaba alnandygyny habar berdi. Ýurduň häkimiýetleri bu maglumatlary resmi derejede ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Degişli maglumat Koronawirus pandemiýasynyň dowamynda, mugallymlara prezidentiň kitaby boýunça 'Saglyk sapagyny' geçirmeli edildi

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.