Türkmenistanda ýene kadrlar çalşyldy, syýasat öňküligine galýar

Bazar görnüşi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji noýabrda ýene bir kadr çalşygyny geçirip, birnäçe resmini täzeledi. Bu karar hökümetiň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde, adatdaky ýaly, uly ösüş sanlary ýa-da edilen gowy işler barada berlen hasabatlardan soň yglan edildi.

Anyklaşdyrylman berlen habara görä, wise-premýer Batyr Atdaýew “özüne ynanylan wezipäni oňarman”, söwda toplumynda ýol beren birnäçe kemçiligi üçin işini ýitirdi.

TDH prezidentiň Atdaýewiň hasabatyny diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewi wezipesinden boşadandygyny, onuň işinde düýpli kemçilikeri goýberendigini habar berdi, ýöne ol kemçilikleriň jikme-jikligini açmady.

Prezident Atdaýwiň ornuna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Atagulyýewi belledi, ýöne onuň wezipesinden boşadylyp-boşadylmandygy aýdylmaýar we hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinde 6 aý synag möhleti bilen işlejekdigi aýdylýar.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini, adatça bolşy ýaly, işden aýrylan ministriň öňki orunbasary Kerimberdi Kurbanow geçirildi. Ýöne onuň hem bu wezipesinde wagtlaýyn işlejekdigi aýdylýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýag krizisi ýitileşýär. WIDEO

Türkmenistanda ýokary wezipeli resmiler diňe prezidentiň karary esasynda, köplenç parlament tarapyndan tassyklanylman bellenilýär we ýygy-ýygydan işini oňarmazlykda, birnäçe ýa-da düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanyp, işinden aýrylýar.

Öňki ýyllaryň tejribesi ýokary derejelerde işleýän resmileriň korrupsiýa ýüz urýan wagtlarynyň az bolmaýandygyny, käte jogapkärçilige çekilip, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilýändigini görkezýär.

Türkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, işinden aýrylan resmileriň jogapkärçilige çekilendigi ýa çekilmändigi, soňky iş we durmuş ýagdaýlary köplenç belli bolmaýar.

Söwda toplumyna jogap berýän kadrlaryň çalşylmagy, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, ýurtda dörän azyk, nyrh meseleleri bilen bagly.

Türkmen metbugaty ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini, artyk öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýändigini aýdýar.

Emma muňa garamazdan, ýurtda dörän agyr işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy ýeňillikli bahadan goýberilýän harytlaryň hyrydarynyň barha köpelmegine alyp gelýär, hökümet ykdysady özgertmeler meselesindäki ukypsyzlygyny boýun alman, kadrlary çalyşmak bilen, hem özüni, hem halky aldamaga çalyşýar diýip, synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.