Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)

Milli lybaslarda köpçülik çäresine gatnaşýan adamlar. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany rus diliniň Türkmenistandaky ýagdaýy barasyndaky gürrüňi dowam edýär. Bu tema boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyrynyň 1-nji we 2-nji bölümlerini Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda diňläp, ýa-da okap bilersiňiz.

2020-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn şertnamalar bilen bagly geň bir waka bolup geçdi. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin iki ýurduň arasynda 2003-nji ýylyň aprel aýynda gol çekilen “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny” ratifikasiýa etmek boýunça kanun taslamasyny Döwlet dumasyna hödürledi.

Bu ylalaşyga 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Sapamyrat Nyýazow bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gol çekilipdi. Aradan geçen 17 ýylyň dowamynda rus parlamenti bu ikitaraplaýyn şertnamany tassyklamandyr. Türkmen parlamenti bu howpsuzlyk şertnamasyny ratifikasiýa etdimi, ýa-da etmedimi, belli däl, sebäbi türkmen mejlisi halkara resminamalaryny jemgyýetçilige açmaýar.

Döwlet dumasynyň web sahypasyna görä, bu ylalaşyk kollektiwleýin howpsuzlygy güýçlendirmek, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk missiýasyny pugtalandyrmak hem-de şertnamanyň taraplarynyň bähbitlerine täsir edýän sebitdäki konfliktleri we beýleki krizis ýagdaýlaryny çözmek maksady bilen, döwletleriň daşary syýasatyny utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm) - DT

Bulardan başga-da, ylalaşykda halkara terrorçylygyna garşy göreşmegiň çäginde terrorçy we ekstremist guramalaryň işini basyp ýatyrmak üçin ygtyýarly bölümleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mehanizmini döretmek göz öňünde tutuldy.

Galyberse-de, şertnama laýyklykda taraplar öz territoriýalaryndan beýleki tarapyň howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegi üçin peýdalanylmagyna ýol bermeýärler.

Bu şertnamanyň ratifikasiýa edilmegi näme sebäpden 17 ýyla çekdi, näme üçin Russiýa edil 2020-nji ýylyň awgustynda bu ylalaşygy tassyklamak kararyna geldi, bu belli däl.

Ýöne Türkmenistanda rus dili bilen bagly käbir çäklendirmelere synanyşyk edilmegi agzalýan şertnamanyň gün tertibine getirilmeginiň edil yz ýanyna gabat geldi.

Rus-türkmen howpsuzlyk şertnamasyny kabul etmek boýunça kanun taslamasy 2020-nji ýylyň 17-nji awgustynda rus mejlisinde hasaba alyndy.

Şondan iki hepde töweregi soňra, Aşgabadyň rus dilli mekdepleri, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, täze okuw ýylyna aýratyn aladaly başlady.

Paýtagtda rus dilli klaslary bolan 64-nji mekdepde rus dili bölüminiň ýapyljakdygy aýdyldy. Okuwçylaryň gyssagly ýagdaýda başga mekdeplere paýlanyp berilmegi barada gürrüň edildi. Bu ýagdaý ene-atalaryň özakymlaýyn protest hereketine alyp geldi. Munuň yz ýany, paýtagtyň rus dilli klaslary bolan 55-nji mekdebinde hem rus dilinde bilim berilýän synplaryň ýapylmagy gün tertibine getirildi.

Bu başagaýlygyň arasynda, şol ýylyň sentýabr aýynyň başlarynda Azatlyk Radiosynyň döwlet edaralarynyň birindäki ynamdar çeşmesi ýurduň ähli orta mekdeplerindäki rus dilli klaslary 2030-njy ýyla çenli doly ýapmak barada hökümet derejesinde maslahat edilýändigini habar berdi.

Munuň yz ýany, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy rus dilli klaslar boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden düşündiriş sorandygyny mälim etdi. Bu maglumat 15-nji sentýabrda ilçihananyň resmi web sahypasynda çap edildi.

Rus dilli klaslary bolan 28-nji orta mekdebiň okuwçylary. Aşgabat ş. Türkmenistan.

Munuň yzysüre, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Orient” neşiri “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi alada galmasyn – Türkmenistanda rus dili söýülýär” diýen at bilen makala çap etdi we beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda ýurtda rus diliniň hem öwrenilýändigini, rus dilinde gazet-žurnallaryň çap edilýändigini, ýurduň merkezi gazetleriniň biriniň diňe rus dilinde çap edilýändigini, Aşgabatda A.S. Puşkin adynda türkmen-rus bilelikdäki mekdebiniň hereket edýändigini aýtdy. Şeýle-de, neşir Aşgabadyň Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna oýunlarynyň il içinde meşhurlyk gazanandygyny belledi. Ýöne bu makalanyň linki häzir işlemeýär, ekranda beýle sahypa tapylmady diýlen ýazgy peýda bolýar.

Bu wakalaryň yz ýany, döwlet dumasy 21-nji oktýabrda Russiýa bilen Türkmenistanda arada gol çekilen 17 ýyllyk howpsuzlyk şertnamasyny ratifikasiýa etdi. Edil şol gün, häzir merhum bolan russiýaly kanun çykaryjy, özüniň milletparaz çykyşlary bilen tanalan Wladimir Žirinowskiý rus diliniň Türkmenistandaky ahwalyna alada beýan etdi.

“Rus artistleri dur, rus dilinde pýesalar hem bar, ýöne ählisiniň gözleri gamly. Pýesalar rus dilinde, ýöne awtorlary türkmen. Bizde “Sneguroçka” (Garpamyk – red.) ýa-da “Alisa gözel” bar, ol ýerde başga atlar bar we bu düýbünden maňza batmaýar. Rus dilinde gürläp bolar, ýöne epos keseki, ertekiler keseki...” diýip, Žirinowskiý şonda russiýaly deputatlara ýüzlendi.

Ol, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň hatyna salgylanyp, Türkmenistanda rus mekdepleriniň ýapylýandygy baradaky habarlary ret etdi we Türkmenistan boýunça 71 sany orta mekdepde rus dilli klaslaryň hereket edýändigini aýtdy.

Bu maglumat Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň Federasiýa Geňeşinde eden çykyşynda Türkmenistanda onlarça rus dilli mekdepleriň hereket edýändigi barada aýdan sözlerini iki ýyl öňinçä tassyklady.

Elbetde, Russiýa bilen Türkmenistan arada 17 ýyl ozal gol çekilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasynyň Russiýada 2020-nji ýylyň awgustynda gün tertibine getirilmegi bilen, munuň yz ýany, sentýabrda Türkmenistanda rus dilli mekdepleriň ýapylmagy baradaky maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň arasynda hiç hili arabaglanyşyk bolman biler. Ýöne bu wakalar biri-biriniň yz ýanyna gabat geldi.

Russiýaly merhum syýasatçy, Türkmenistanyň "Il ýaşulysy" Wladimir Žirinowskiý.

Şeýlelikde, Türkmenistanda rus dilli klaslar boýunça gozgalan gep-gürrüň biraz ýatyşdy. Ýöne aradan birnäçe wagt soňra, 2021-nji ýylyň noýabrynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň käbir çagalar baglarynda çagalara rus dilinde multfilm görkezmegiň gadagan edilýändigini habar berdiler.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martynda prezident wezipesine girişmeginden soňra, özüniň ilkinji resmi daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrdy. Putin Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady. Biraz soňra, rus prezidenti Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem “Watanyň öňünde bitiren işleri üçin” sylaglady.

Rus sesi

Russiýa, rus syýasaty, rus howpsuzlygy, rus dili we rus medeniýeti türkmen halkynyň arasynda heniz hem özüniň täsir güýjüni saklap galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda ilatyň agramly böleginiň rus telewizion kanallaryna tomaşa edýändigini habar berýär. Ýöne rus mediasy halkara maglumat giňişliginde barha köp özüniň tarapgöýligi bilen at alýar. Synçylar rus mediasynda dünýä arenasynda bolup geçýän wakalara bir taraply çemeleşilýändigini, tarap tutulýandygyny aýdýarlar.

Türkmenleriň arasynda rus mediasynyň has köp sarp edilmegi, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň öwrenen meýillerine görä, ilat arasynda rus meýilli garaýyşlaryň meşhurlyk gazanmagyna alyp gelýär. Rus meýilli garaýyşlar türkmenleriň halkara arenasyndaky wakalara rusça çemeleşmegine, rus mediasynyň hödürleýän pikirleniş galybynyň meşhurlyk gazanmagyna getirýär. Türkmenistanyň döwlet mediasy halkara arenasynda bolup geçýän wakalar barada habar bermeýär, şol bir wagtda, garaşsyz maglumat çeşmelerini petikli saklaýar. Şeýlelikde, ilat ýeke-täk “howpsuz halasgär” hökmünde rus mediasynyň boýnundan asylmaly bolýar. Rus mediasynda efire berilýän gepleşikler, Solowýowyň sözleri, Simonýanyň çykyşlary, ýa-da Kiselýowyň habarlary türkmenleriň pikir giňişligine şekil berýär.

Üstesine, türkmen resmileri tas her sapar diýen ýaly ýokary derejeli rus resmileri bilen duşuşanlarynda Türkmenistanda rus diline hormat goýulýandygyny, Türkmenistanda rus medeniýetiniň söýülýändigini ynandyrmaly bolýarlar, gaýtalamaly bolýarlar.

Propaganda

Bulardan başga-da, ýerli çeşmeler soňky wagtlarda Türkmenistanda rus propagandasynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan aç-açan wagyz edilýändigini aýdýarlar.

“Rus propagandasy indi türkmen mekdeplerinde hem aç-açan wagyz edilip başlandy” diýip, bir ýerli synçy gürrüň berýär. Ol muňa mysal edip, Daşoguz şäherindäki mekpdeleriň rus klaslarynyň birinde bolan bir wakany gürrüň berdi.

“Mekdep okuwçylary dynç alyşa çykmazdan öň, bir synp ýolbaşçysy rus klaslarynda okaýan ýokary synpyň okuwçylaryna Russiýanyň “Rossiýa 24” kanalynda efire berilýän gepleşikleri, hususan-da rus propagandaçysy Nikita Mihalkowyň “Besogon” (“Şeýtany kowmak”) gepleşigine tomaşa etmegi maslahat beripdir. Türkmen telewideniýesinde gyzykly gepleşikler efire berilmänsoň, ene-atalar hem garşy çykyp durmaýar” diýip, ýerli synçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň rus klaslarynda okaýan ýaşlaryň agramly bölegi, 90-95 göterimi türkmen ýa-da özbek maşgalalarynyň çagalary bolup, olaryň arasynda rus meýilli terbiýeçilik işleri geçirilýär.

"Rossiya 24" telekanalynda howa maglumaty. Arhiw suraty. Bezeg üçin ulanyldy. 2015 ý.

“10-11-nji synplaryň dünýä taryhy dersi boýunça iň täze taryh böleginde 2008-nji ýylda Gruziýada bolan rus agressiw urşy hakynda aýdylmaýar, ýöne Ukrainada bolup geçen 2014-nji ýylyň wakalary diňe bir tarapdan, rus meýilli edilip geçilýär, ýagny, Ukrainada bolan halk hereketlerini köpçülikleýin bidüzgünçilik, Günbataryň eli bilen edilen tertipsizlik diýip ýoýulýar, Krymyň anneksiýa edilmegini bolsa Russiýanyň Krymda referendum geçirip, ony öz düzümine geçirendigi bellenýär, Donbasdaky ýagdaý hem rus meýilli edilip, umuman, post sowet giňişliginde bolan ähli rewolýusiýalar hakynda maglumat ol ýa-da beýleki tarapdan belli bir derejede rus meýilli edilip beýan edilýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Paradoks

Onuň sözlerine görä, Russiýanyň telekanallarynyň täsiri astynda ilat arasynda dünýä arenasynda bolup geçýän wakalara rus meýilli garaýyşlar döreýär, häkimiýetler bu ýagdaýy goldaýarlar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda bir tarapdan türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda gepleşige rus dilini garmazlyk, arassa türkmen dilinde gürlemek ýaly çagyryşlar peýda bolýar. Beýleki tarapdan, geçen gepleşigimizde hem belleýşimiz ýaly, ýokary wezipeli adamlar öz çagalaryny rus klaslara ýazdyrmaga ýykgyn edýärler. Şeýle-de, bir tarapdan Türkmenistanyň bilim edaralarynda garaşsyzlyk ýyllarynda rus dili sapaklarynyň sany hepdede alty sagatdan iki ýa-da üç sagada düşürilipdir, beýleki tarapdan rus klaslarynda rus meýilli wagyz işleri ýaýbaňlanýar. Häkimiýetler bir tarapdan rus dilli klaslary ýapmak boýunça synanyşyk edýär, beýleki tarapdan ýurtda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdebiň hereket edýändigi barada döwlet ýolbaşçylary tarapyndan buýsanç bilen gürrüň edilýär.

Bu wakalaryň ählisi özara gapma-garşylygy özünde jemleýän ýaly bolup görünýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda rus dili bilen bagly täze meýiller özüniň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar we ýene bir gezek Türkmenistanyň ýapyklyk, gümürtiklik syýasatyny äşgär edýär.

Oba ýerlerinde gepleşige rus dilini garmaklyk halanylmaýar, şäher ýerlerinde rus dilinden peýdalanylýar. Ýokary okuw jaýlarynda talyplar türkmen dilinde sapak geçip, özara gürrüňdeşlikde rus dilinden peýdalanýar. Türkmen mediasy döwlet dilini, milliligi, däp-dessurlary öňe sürüp, halk arasynda watana bolan buýsanç duýgularyny wagyz edýär. Ýöne ilatyň agramly bölegi türkmen mediasynyň gepleşiklerini içgysgynç hasaplap, rus mediasyna meýil edýär.

“Gökdepe, Gazawat söweşleri, umuman häzirki Türkmenistanyň rus imperiýasy tarapyndan basylyp alynmagy hem soňky taryh dersi boýunça mekdep maksatnamasynda ýüzleý öwrenilýär. Bu hem bolsa gönüden-göni ýurt ýolbaşçylarynyň alyp barýan rus meýilli syýasatyny görkezýär. 20-nji asyr türkmen edebiýatynda stalinçilik we NKWD-çileriň agyr hem-de weýrançylykly roluny açyp görkezýän ençeme eserler okuw maksatnamasyndan aýryldy. Ýazyjy-şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly hakyndaky maglumatlarda hem stalinçiligiň edebiýata ýetiren zyýany hakynda maglumat ýa-ha umuman aýryldy, ýa-da gysga we ýüzleý berilýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan maryly bir magaryf işgäri soňky ýyllarda türkmen edebiýaty dersleriniň hem türkmen mekdepleriniň okuw maksatnamalarynda 12 göterim kemeldilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanda 71 mekdepde rus klaslarynyň bolmagy, ýerli synçylara görä, ýurtda rus diline goýulýan hormatyň nyşany hökmünde häkimiýetler tarapyndan wagyz edilýär.

Serdar Berdimuhamedow prezident hökmünde özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa Federasiýasyna amala aşyrdy. 10-njy iýun, 2022 ý.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary rus mekdeplerinde bilim alýan etniki rus maşgalalaryň çagalarynyň san taýdan azdygyny aýdýarlar.

“Ýurtdaky rus dilli milli azlyklaryň sany barada aýdylanda, 6-18 ýaşly çagalaryň arasynda Aşgabatdan we Balkanyň iri iki şäherinden başga ýerlerde olaryň sany hatda rus dilinde okadylýan synplarda hem 30-35 okuwçynyň arasynda 1-2 okuwçydan köp däl, galanlarynyň ählisi türkmen, özbek, buluç ýaly ýerli ilatyň çagalary bolup durýar” diýip, ýerli synçy gürrüň berdi.

Epilog ýerine

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin 16-njy fewralda Aşgabatda žurnalistlere beren brifinginde bu ýurtda rus diliniň ähmiýetiniň ýokarydygyny, oňa bildirilýän talabyň hem güýçlidigini aýtdy.

Ol bu ýurtda rus diliniň inter-etnik aragatnaşygyň dili hökmünde, hem-de GDA giňişliginde, halkara we sebitleýin meýdançalarda aragatnaşygyň guraly hökmünde ähmiýetini saklap galýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda rus diliniň ähmiýeti barada gepleşikler tapgyr efire taýýarlanýan wagtynda, 24-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy yglan eden çozuşynyň üstünden göni iki ýyl geçdi.

Ol fewralyň birinji hepdesinde amerikaly žurnalist Taker Karlsona beren interwýusynda Ukraina garşy iki ýyl ozal yglan eden “ýörite harby operasiýasyny” taryhy we syýasy nukdaýnazardan aklamaga çalyşdy.

16-njy fewralda Russiýanyň türme gullugy rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Sibirdäki bir rus türmesinde aradan çykandygyny aýtdy. Kreml tankytçysynyň dul galan aýaly Ýuliýa Nawalnaýa adamsynyň ölüminde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini günäkärleýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.