Türkmenistanda pasport nobatlary çalasynlyk bilen uzaýar

Daşary ýurt pasportyny almak üçin ýüz tutmak isleýänler gaty köp, birnäçe günüň içinde nobatlar birnäçe aýa uzap gidýär. (Arhiw suraty)

Türkmenistanda daşary ýurtlara gitmäge mümkinçilik berýän biometriki pasportlary üçin nobatlar çalt uzaýar. Käbir sebitlerde ýüz tutýanlar gaty köp, birnäçe günüň içinde nobatlar birnäçe aýa yza çekildi. Pasport almak üçin gündogar Lebap welaýatynda ýaşaýjylar şu günler indiki ýylyň awgust aýyna nobata durýarlar, birnäçe gün mundan ozal nobat maý aýyna ýazylýardy.

Türkmenabatda daşary ýurt pasportyny taýýarlatmak üçin talonlar 10 aý öňünden - 2024-nji ýylyň awgust aýy üçin berilýär diýip, Turkmen.news neşiri 19-njy oktýabrda habar berdi. Neşir oktýabr aýynyň başynda Türkmenabatdaky migrasiýa gullugynda adamlaryň 2024-nji ýylyň apreline sanawa ýazylandygyny, Daşoguzda bolsa, sentýabr aýynda adamlaryň 2024-nji ýylyň iýulyna ýazylandygyny belleýär.

"Synçylaryň pikiriçe, iki hepdäniň içinde 2024-nji ýyldaky talonlar bütinleý gutarar we daşary ýurt pasportyny almak isleýän adamlar 2025-nji ýyla çenli garaşmaly bolarlar. Şol bir wagtyň özünde, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň özleri-de 1-nji ýanwardan başlap çagalara daşary ýurt pasportlaryny bermegiň bes ediljegini duýdurýarlar" diýlip maglumatda aýdylýar.

Degişli maglumat Biometriki pasport üçin nobat 2024-nji ýylyň maýyna çenli uzady

Mundan üç gün ozal Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçysy ýerli migrasiýa gullugynda nobatynyň mart aýyndan maý aýyna çenli birnäçe günüň içinde uzandygyny habar beripdi. "Lebap welaýatynda daşary ýurt pasportlaryny almak isleýänler gaty köp, muňa ýüz tutmak üçin diňe 2024-nji ýylyň maý aýyna nobata ýazylyp bolýar" - diýip, habarçy 16-njy oktýabrda aýtdy.

Azatlyk Radiosy pasport almak isleýänleriň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegi we nobatlaryň uzamagy barada Türkmenistanyň migrasiýa edaralarynyň resmilerinden düşündiriş alyp bilmedi.

“Turkmen.news” öz çeşmelerine salgylanyp, ýurduň häkimiýetleriniň ilatyň köpçülikleýin gitmeginiň öňüni almaga synanyşýandygyny habar berýär we pandemiýadan soň serhetler açylaly bäri Türkmenistandan gidýänleriň sanynyň birden köpelendigini ýazýar.

"Soňky ýyllarda hatda ýurtda abraýly hasaplanýan käri bolan adamlar - polisiýa işgärleri, nebit we gaz pudagynyň işgärleri-de gitmegi makul bilýärler" - diýip, neşir ýazýar. Şeýle hem maglumatda häkimiýetleriň kanun arkaly migrasiýany çäklendirmeýändigi, ýagny resmi çykyş wizalaryny girizmeýändigi bellenilýär we raýatlaryň ýurtdan çykyşynyň býurokratik usullar, şol sanda daşary ýurt pasportlarynyň berilmegini kynlaşdyrmak arkaly mümkin boldugyça agyrlaşdyrylýandygy aýdylýar.

Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak islegi barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar we köpçülikleýin işsizlik sebäpli dowam edýär.

Degişli maglumat Lebabyň migrasiýa edarasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi

Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda meşhur bolan Türkiýede soňky aýlarda migrantlara garşy reýdler has ýitileşdi we türkmenistanlylaryň watanyna deportasiýa edilmegi ýygjamlaşdy, bu ýagdaýda Russiýa gidýänleriň sany köpeldi. Russiýa gidýän türkmen raýatlaryny bu ýurtdaky harby mobilizasiýa we Merkezi Aziýadan gelen migrantlara edilýän basyş hem saklamaýar.

Türkmenistandan gidýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelýän wagtynda türkmen raýatlaryň ABŞ-da ýaşamak üçin rugsat almak mümkinçiligine bolan gyzyklanmasy hem artýar. “Green Card” lotereýasyna gatnaşmak üçin anketany doldurmak üçin wiza we terjime merkezlerine ýüz tutýanlaryň sany barha artýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasynda çap bolan maglumata görä, soňky ýylda “Green Card” alyp bilen türkmen raýatlarynyň sany 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende azyndan 14 esse artypdyr we geçen ýyl alyp bilenleriň arasynda Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy köp bolupdyr.

Degişli maglumat TN: Daşoguzda biometriki pasport üçin nobatlar 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.