Türkmenistanda býujetçiler, şol sanda bilim we saglyk işgärleri mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýärler. Resmi ýagdaýda kesgitlenen seneden has ir başlanan bu işlere günlükçi hökmünde mekdep okuwçylary hem gatnaşýar. Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.
“[Balkan welaýatynyň merkezi] Balkanabat şäheriniň saglyk öýleriniň medisina işgärleri, maşgala lukmanlary hem ýüz kilometr töweregi uzaklykdaky Berekediň pagta meýdanlaryna pagta ýygmaga iberilýär. Munuň netijesinde, saglyk meselesi ýüzi çykan raýatlar wagtynda gerekli bejergini alyp bilmeýärler” diýip, ýerli lukmanlaryň biri 7-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol mekdep mugallymlarynyň, çagalar baglarynyň terbiýeçeleriniň we enekeleriniň hem her gün awtobus bilen Balknabatdan 110 km çemesi uzaklykdaky Oboý daýhan birlegişiniň pagta meýdanlaryna ýollanýandygyny aýtdy.
“Her işgärden gündelik 60 kg pagta ýygnamak talap edilýär. Emma meýdanlarda ýetişen gowaça juda az, günüň dowamynda köp bolsa 13 kg toplap bolýar. Geçen ýyllardakylardan tapawutlylykda, öz ornuňa 40-50 manada günlükçini hem tutmaga rugsat bermeýärler” diýip, balkanabatly lukman gürrüň berdi.
Degişli maglumat Býujetçiler, esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýärPagta ýygym işlerine ýurduň günortasyndaky Mary welaýatynda hem girişildi. Bu sebitde býujetçiler bilen birlikde, ýygym işlerine oba ýaşaýjylary hem gazanç umydynda meýletin gatnaşýarlar.
“Bularyň arasynda ýokary synp mekdep okuwçylary hem bar. Olar sapaklaryndan soň, ene-atlary bilen pagta ýygmaga gidýärler. Kärendiçiler toplanan her 1 kg pagta üçin 50 teňňe töleýärler. Bu pul 10 günden soň, jemlenip elin gowşurylýar. Günüň dowamynda 80-100 kg pagta ýygjak bolup, günortanlyk edinmeýänler hem bar. Çagalar esasan öýländen soň gelip, 4-5 kg pagta ýygýarlar we alan puluny ene-atalaryna tabşyrýarlar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, Balkandan tapawutlylykda ýurduň günorta welaýatynda býujetçilere öz orunlaryna günlükçi tutmaga rugsat berilýär.
Mundan öň, Lebapdaky habarçymyz hem sebitiň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň pagta köpçülikleýin we ýatymlaýyn çekilýändikleri barada maglumat beripdi.
Türkmenistanda eýýäm ençeme hepde bäri pagta ýygymy dowam etdirilse-de, resmi ýagdaýda bu işleriň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda başlanjakdygy yglan edildi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli daýhanlar we oba hojalyk hünärmenleri soňky döwür ýylyň aşa yssy gelmegi, oba hojalygyndaky ýyllarboýy dowam edip gelýän meseleler zerarly pagta hasylynyň pes boljakdygyny duýdurýarlar.
Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri, şol sanda gowaça ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.
Ýöne kärendeçiler özleriniň üpjünçilik meselesiniň ýyllarboýy ýaramazdygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.
Ýurtda pagta ýygymy möwsümi dekabryň ortalaryna çenli dowam edýär.
Türkmen hökümeti pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Häkimiýetler bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.