Türkmenistanda tomsuň yssy günleri dowam edýär. Halkara neşir ýurduň käbir sebitlerde, hususanda Ahalda, Lebapda we Maryda howanyň gyzgynlygynyň 45 gradusa çenli galjakdygyny duýdurýar.
Jokrama yssyda könelişen elektrik enjamlary artan talaba döz gelip bilmän, ýurduň gür ilatly sebitlerinde elektrik togunyň köpçülikleýin kesilmegine, ýa-da onuň kuwwatynyň göz-göretele peselmegine sebäp bolýar. Azatlygyň habarçysy iýunyň ortasynda ýurduň dürli sebitlerindäki elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýy we onuň ilata ýetirýän oňaýsyz täsirleri bilen gyzyklandy.
Habarçymyz jokrama yssyda sowadyjylara bolan zerurlygyň aşa artmagy bilen, ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda, welaýatlaryň merkezi şäherlerinde hem elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygynyň gowşaýandygyny aýdýar.
Ol Aşgabadyň hem elektrik ulgamynda häli-şimdi näsazlyklaryň ýüze çykýandygyny, emma paýtagtdaky kemçilikleriň adatça birnäçe sagadyň içinde aradan aýrylsa, sebitlerdäki bu ýagdaýyň ençeme güne çenli hem çekip bilýändigini belleýär.
“[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatdaky elektrik transformatorlarynyň aglabasyna 40 ýyldan hem aşa wagt boldy. Olaryň uly böleginiň ulanyş möhleti hem mundan on ýyl ozal tamamlanyp, zerur ätiýaçlyk şaýlarynyň deregine adaty mis simi ulanylýar. Ol hem uzaga gitse, birnäçe günden ýaňadandan ereýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri öz sebitindäki ýagdaýy suratlandyrdy.
Söhbetdeşimiz ýerli elektrik edarasyna ýüz tutulanda, soňky günler bular ýaly hadysalaryň artmagy sebäpli, ussalaryň birnäçe sagatdan soň gelýändigini belledi. Şol bir wagtda, elektrik hünärmenleri döwletiň gerekli ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmeýändigini öňe sürüp, toguň ygtybarly ýola goýulmagy üçin özleriň näresmi hödürleýän abzallaryny satyn almagy teklip edýärler.
Degişli maglumat Howa gyzýar. Pukara ýaşulular, garry eneler 'tomusdan sag-aman çykmagy' gaýgy edýärŞäheriň elektrik üpjünçiligi bar bolan sebitlerinde hem, toguň kuwwaty enjamlary kadaly işletmäge ýetmeýär. Muňa çykalga hökmünde, gurby çatýan ýaşaýjylar ortaça dört müň manada durýan tok sazlaýjyny satyn alýarlar.
Habarçymyz yssy howanyň ornaşmagy bilen, ýurduň günortasyndaky Mary welaýatynyň elektrik üpjünçiliginde hem ýokarky näsazlyklaryň ýüze çykýandygyny anyklady.
“Sebitde Mary-Gres ýaly iri elektrik öndüriji desgalar ýerleşse-de, tomus aýlarynda ilatyň tok meselesi ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Baýramalyda, Ýolötende, Sakarçägede, Murgapda tok has pes. Hojalyklardaky toguň akymy 160-170 wolt aralygynda saklanýar. Kondisionerleri, sowadyjylary işletmek beýle-de dursun, hatda lampoçka hem gyzaryp zordan şöhle berýär” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri tas her günde başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Habarçymyz Maryda hem ýaşaýjylaryň toguň kuwwatyny artdyrmak üçin goşmaça abzallardan peýdalanýandygyny synlady. Eger-de Lebapda degişlilikde gymmat hasaplanýan ýörite sazlaýjy enjamlar ulanylsa, Maryda munuň üçin swarka abzallaryndan peýdalanylýar.
“Hojalyklar togy elektrik liniýalaryndan iki faza edip, göni swarka enjamyna çatýarlar we çykyşda 220 wolt derejesinde togy alýarlar. Elbetde, bularyň ählisi öý şertlerinde edilýär we häkimiýetlere bu barada duýdurylmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz tok üpjünçiligi bilen bagly ýokarda beýan edilen ýagdaýlaryň Daşoguz we Balkan sebitlerinde hem gaýtalanýandygyny tassyklaýar.
Türkmen hökümetiniň maslahatlarynda, adatça, ýurduň öz ilatynyň ençeme ýyllardan bäri kösenýän tok ýetmezçiligi barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edilýär.
Degişli maglumat Türkmenistan Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek elektrik energiýasyny alty aýda 'iberdi'Yssy howa kadasyz tok üpjünçiligi bilen birlikde, ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna hem oňaýsyz täsir ýetirýär.
Jokrama yssy ýola çykýan, jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmaga mejbur bolýan adamlary hem kyn ýagdaýa salýar: ulanylýan awtobuslarda sowadyjy ýok, olaryň penjirelerinde tuty hem görünmeýär.
Mundan başga, howanyň aşa gyzmagy we iş, durmuş şertleriniň agyrlaşmagy bilen baglylykda, döwlet edaralarynyň hiç hili ýeňillik çäresini görmeýändigi, iş sagatlarynyň öňki-öňküligine galýandygy nygtalýar.
Ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda tas üç aýa çenli dowam edýän yssy howa, ýyl aşa yssy gelende, ýaşuly adamlaryň, näsag adamlaryň we çagalaryň ençemesiniň saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagyna, hatda ölümine sebäp bolýar. Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaý bilen bagly maglumatlary çap etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.