Türkmenistanda agşamlaryna köçä çykan adamlara barha gysyş artýar. Resmi derejede adatdan daşary ýagdaý we ilatyň hereketini çäklendirmek üçin hiç bir düzgün yglan edilmedik ýurtda agşamlaryna köçä çykan adamlar tutulýar, soraga çekilýär we jerimä sezewar bolýar. Adamlaryň öz şahsy zerurlyklaryny berjaý etmegine, şol sanda gezelenje çykmagyna ýa-da päsgelçiliksiz işden dolanmagyna ygtyýary elinden alynýar.
Mary şäherinde agşam sagat 22:00-dan soň köçede ýörenlere polisiýa tarapyndan reýd geçirilýär. Köçede saklanan adamlar polisiýa bölümine äkidilýär we sorag edilýär.
"Polisiýa işgärleri gije sagat ondan soň köçelerde we köpgatly jaýlaryň arasynda gezelenç edýän, işden soň öýüne barýan, toýdan öýine dolanýan raýatlary saklap nireden gelip, nirä barýandygyny soraýar. Käbir polisiýa işgärleri 20 manat para pul bermeseň polisiýa bölümine äkidip, ertire çenli polisiýa bölüminde saklamak bilen haýbat atýarlar. Pul bermedikler dogrudanam polisiýa äkidilýär" diýip, Marydaky habarçymyz 23-nji fewralda aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenbaşy: ýaşaýjylaryň agşamlaryna köçä çykmagy, gijeki klublaryň işi çäklendirilýärHabarçylarymyz soňky günlerde köçede saklanyp, Marynyň polisiýa bölümlerine äkidilen adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldular. Olaryň arasynda agşam şäheriň dükanlarynda, awtoýuwalgasynda, dermanhanasynda ýa-da otludan düşen wagtynda polisiýa tarapyndan saklanan adamlar bar.
"Men otludan düşip öýüme barýarkam meni polisiýa gullugy saklap nireden gelip, nirä barýandygymy soradylar. Men boluşy ýaly aýtsam menden göni 20 manat para soradylar, men para bermekden ýüz sowdum, meni polisiýa bölümine äkitdiler we jübilerimi dördüler, mobil telefonumy açmagymy talap etdiler. Polisiýa bölüminde men daly adam juda kändi" diýip, Marynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Marynyň ýaşaýjylary agşamlaryna köçä çykmak gadagançylygy barada özleriniň habarsyzdygyny, şeýle gadagançylyk barada häkimiýetler tarapyndan hiç hili bildiriş berilmän, adamlaryň diňe saklanan halatynda bilip galýandygyny nägilelik bilen aýdýarlar.
Polisiýa bölümde birnäçe sagat geçirenleriň ýene biri gije işden öýüne gaýdyp barýarka saklanandygyny gürrüň berdi. Ol polisiýa bölüminde bolan wagtynda özi ýaly işinden öýüne barýarka ýolda tutulan ýaşaýjylaryň ençemesine duş gelendigini, hatda çörek satyn almaga çykan adamyň hem bolandygyny gürrüň berdi: "Bir ýigit öýünden çörek almana çykypdyr. Elinde 2 sany çöregi tutup, polisiýa bölüminde otyr. Ýene biri men bulara 20 manat berjek däl men ony gazanmak üçin 2 sany awtoulag ýuwmaly bolýaryn diýip aýdýar".
Marydaky habarçymyz bilen gürrüňdeş bolanlaryň ýene biri özüniň syrkaw halda Çärjewiň hassahanasyndan otluly gelip, öýüne ýöräp barýarka polisiýa tarapyndan saklanandygyny gürrüň berdi: "Meniň öýüm otly menzilinden gaty uzakda däl, ýüküm hem agyr bolmansoň men Çärjewde burnumyň iriňini aldyryp, öýüme barýardym. Men polisiýa özümiň syrkaw haldadygymy aýdyp, lukman hatyny görkezenime seretmezden, meni 20 manat bermändigim üçin polisiýa bölümine ýygnadylar" diýip Marynyň ýene bir ýaşaýjysy aýdýar.
Degişli maglumat Polisiýa 'ahlak göreşini' güýçlendirýär, ýaş ýigitler 'hilebazlygyň gurbany' bolýarIlatyň hereket azatlygynyň çäklendirilmegi barada ýurduň habar beriş serişdelerinde hem habar bolmady. Emma ilata gözegçilik, şol sanda adamlaryna agşam köçä çykmagynyň çäklendirilmegine degişli ýagdaýlar ýurduň dürli şäherlerinde soňky iki aýa golaý wagt bäri ýüze çykýar.
Ilata gözegçiligiň güýçlendirilmegi barada häkimiýetler tarapyndan resmi maglumat we düşündiriş berilmeýärkä, Azatlyk bilen anonim gürleşen maryly polisiýa wekili muny özlerine howpsuzlygy berkitmek talabynyň gowşandygy bilen düşündirdi, ýerli häkimiýet resmisi bolsa, soňky wagtda ilatyň arasynda nägileligiň güýçlenendigini, häkimiýet organlaryna raýatlardan gelýän arz-şikaýatlaryň esli köpelendigini habar berdi.
Ýanwarda suw, fewralda un 2,5 esse gymmatlady.
Çeşmäniň sözlerine görä, soňky wagtda adamlar suwuň bahasynyň göterilmeginden, çöregiň gymmatlamagyndan arz-şikaýat edip, häkimiýetlere, şol sanda häkimliklere we prokuratura örän köp ýüzlenýärler.
"Suwuň gymmatlamagy we un paýynyň ýatyrylmagy hatda işleýän raýatlara-da uly agram saldy. Işsiz adamlar nädip günlerini görmeli belli däl" diýip, anonim gürleşen maryly resmi aýdýar. Ol ilatda nägilelik derejesiniň ýokarlanmagynyň diňe Mary welaýatynda däl, eýsem tutuş ýurda, şol sanda Aşgabada hem degişlidigini aýtdy.
Degişli maglumat Studentleriň okuwdan boş wagtyny geçirişine, başy tahýaly bolmagyna gözegçilik edilýärSoňky günlerde polisiýa gözegçiligi Aşgabatda-da güýçlendi. Köçelerde, seýilgählerde we jemgyýetçilik transportunda we awtobus duralgalarynda polisiýa nobatçylyk çekýär. Agşamlaryna köçedäki adamlar barlaga sezewar bolýar, gündizlerine hem raýatlaryň polisiýa tarapyndan saklanyp, el goşlarynyň, jübüleriniň barlanmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, parklarda gezelenç edýän adamlar polisiýanyň dykgatly nazaryndan düşmeýär.
"Dynç almaga gelen raýatlaryň islendik hereketleri polisiýanyň yrsarap, daramagyna sezewar bolýar. Adamlara seslenip gürlemezlik tabşyrylýar. Adamlar seýilgähiň içinden geçýän ýodajyklardan saga, sola sowulsa dessine polisiýa işgärinden duýduryş alýar. Skameýkalarda oturyp köke, şireli suw içýän we buzgaýmak garbanýan adamlara yzlaryny arassalamak tabşyrylýar. Erkek adam dyzyna çenli gysga balakly bolmaly däl. Parkda çilim çekmek, spirtli içgi içmek doly gadagan" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Bu ýagdaý ýaşaýjylaryň nägileligini artdyrýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar köpsanly polisiýa işgärleriniň seýilgählerde agaçlaryň arasynda bukulyp-durup, dynç alýanlary synlap durmaklarynyň ilatyň birahat we oňaýsyz duýmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
"Adamlaryň dynç almak üçin köp bolmadyk mümkinçilikleriniň biri şol seýilgählerde gezelenç etmekdir. Emma adamlaryň bir ýere üýşmegi häkimiýetleri rahatlykdan düşürýän, howsala döredýän bolmagyna meňzeýär" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Häkimiýetleriň basyşy ilatda nägileligi artdyrýar. Aşgabatdaky habarçymyz bu ýagdaýda halkyň nägileligini bildirip başlamagyndan howatyrlanýan häkimiýetleriň ýene-de ilata gözegçiligini hem gysyşyny güýçlendirýändigini, şeýdip, häkimiýetleriň özleriniň dartgynlylyk döredýändigini belledi.
Degişli maglumat Türkmenistanda söýgüliler güni şu ýyl çäklendirme astynda geçýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.