Türkmenistanda gyssagly lukmançylyk kömegi maslahatlaşyldy

Bezeg suraty

Bütindünýä saglyk guramasynyň baş edarasynyň, BSG-niň Ýewropa boýunça edarasynyň we Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri türkmenistanly kärdeşleri, şeýle-de ýurduň Goranmak ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi barada maslahat etdiler diýip, “Türkmenportal” 22-nji awgustda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna salgylanyp habar berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde gibrid görnüşinde geçirilen duşuşykda jemgyýetçilik saglygy pudagynda adatdan daşary ýagdaýlar, tebigy betbagtçylyklar babatyndaky gyssagly kömek toparlarynyň milli kuwwatyny güýçlendirmek meselesi maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.

Esasy üns milli gyssagly lukmançylyk ulgamlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, BSG-niň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi pudagynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek baradaky missiýasynyň tekliplerini ýerine ýetirmek, gyssagly lukmançylyk kömegi üçin milli koordinatorlary bellemek, BSG ölçeglerindäki milli tiz kömek hyzmatyny döretmek meselelerine gönükdirildi.

Mundan başga, Ýewropa tiz kömek gullugynyň utgaşdyryjysy Oleg Storoženko duşuşyga gatnaşyjylara 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýede bolan ýer titremelerinden alnan tejribeleri görkezdi.

Türkmenistanyň saglyk pudagy, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky onýyllyklarda juda peseldi we derdine derman gözleýän raýatlar, mümkin bolsa, daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gidýärler.

Gyssagly saglyk kömegi bolsa, sebitlerdäki habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, etrap, oba ýerlerindäki ýollaryň erbetligi, tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligi ýa-a çarkandak ýollara ýaramazlygy zerarly, oba ilaty üçin agyr mesele bolmagynda galýar.

Degişli maglumat Yssy howada hassahanalara ýüz tutýan polisiýa işgärleri köpelýär