Türkmenistanda 'Green Card' üçin dokument doldurýan araçylaryň hyzmaty gymmatlady

Illýustrasiýa suraty

Türkmen raýatlarynyň arasynda ABŞ-da ýaşaýyş durumyny almak isleýänleriň sany gitdigiçe artýar. Käbir resmi sanlardan başga-da, anketa doldurmak üçin araçylara ýüz tutýanlaryň sanynyň artmagy, şeýle hyzmatlaryň nyrhynyň birnäçe esse göterilmegi we sosial mediada paýlaşylýan maglumatlaryň köpelmegi türkmen raýatlarynyň "Green Card" lotereýasyna gyzyklanmasynyň möçberinden habar berýär.

Şu günler Türkmenbaşyda we Balkanabatda "Green Card" üçin resminamalary tabşyrýan raýatlaryň arasynda ýüzlerçe mekdep mugallymy bar, diýip ýerli çeşmeler habar berýärler.

Amerika gitmek isleýän türkmenistanlylaryň köpelmegi "Green Card" lotereýasynyň nobatdaky sanyna gatnaşmak boýunça möwsüme gabat göze ildi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynda çap bolan maglumata görä, DV-2026 meýilnamasyna gatnaşmak isleýänleriň elektron soragnamasy https://dvprogram.state.gov/ internet sahypa arkaly 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan başlap, 5-njy noýabra çenli kabul edilýär.

Degişli maglumat Lebapda 'Green Card' lotereýasy üçin anketa doldurýan raýatlar köpelýär

Her ýyl "Green Card" lotereýasy ABŞ-a immigrasiýa derejesi pes bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama Birleşen Ştatlara hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Wiza üçin ýüz tutanlar kompýuterde döredilen, tötänleýin lotereýa arkaly saýlanýar.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň resmi maglumatynda Internetdäki hilegärlikden we kezzapçylykdan, aldawa salýan sahypalardan seresap bolmak, resmi maglumatlary ulanmak maslahat berilýär.

Bu aralykda sosial ulgamlarda "Green card" lotereýasyna gatnaşmagyň tertibi, "Green card alyp berýäris" mazmunly maglumatlar köpelýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, lotereýa gatnaşmak isleýänler köplenç araçylara ýüz tutýarlar, bu hyzmatlary syýahatçylyk şirketleri üpjün edýärler.

"Türkmenbaşyda we Balkanabatda syýahatçylyk firmalarynda bir hepdä golaý wagt bäri uly nobat. Bu nobatlar zagran pasport üçin migrasiýa binasyndaky nobatdan az däl" diýip, balkanly çeşmeleriň biri gürrüň berýär.

Balkanda "Green Card" üçin resminamalary doldurmak 2 müň manada durýar. Bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 571,4 dollara, gara bazaryň kursy boýunça 100 amerikan dollaryna barabar.

Geçen ýyl bir anketany 5 esse azan bahadan araçylara doldurdyp bolýardy. Soňky bäş ýyl bäri anketalary dolduryp berýän raýatlaryň biriniň 2023-nji ýylda Azatlyga gürrüň bermegine görä, ol bir anketa üçin 400 manat töleg alýardy. Şondan ol bu tölegiň 2022-nji ýylda 50 manada barabar bolandygyny belledi.

Ýerli çeşmelere görä, raýatlaryň araçylara ýüz tutmagyna köpüsiniň iňlis dilini bilmeýändigi esasy sebäp bolýar.

"Aslynda 'Green Card' üçin resminamalar mugt doldurylýar resmi saýtda, ýöne iňlis dilini gowy bilmeýän balkanlylar syýahatçylyk firmalara we terjime merkezlerine goşmaça pul berýärler" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berýär.

Azatlygyň habarçylaryna görä, “Green Card” lotereýasyna gyzyklanma bildirýän türkmenistanlylaryň arasynda diňe işsizlikden kösenýän raýatlar däl, eýse döwlet edara-kärhanalarynda işleýän ýokary derejeli dürli hünärmenler köp.

Degişli maglumat ABŞ-a Meksikanyň üsti bilen. Merkezi Aziýadan bolanlar nädip serhetden gizlin geçýärler

Türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň lotereýa gyzyklanma bildirmegine ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar bilen bir hatarda, häkimiýetleriň syýasy, ykdysady we sosial basyşlarynyň barha artmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sanyna we migrasiýanyň sebäplerine degişli maglumatlary çap etmeýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi maglumatyna görä, lotereýanyň geçen ýylky netijeleri utuş gazanan türkmen raýatlarynyň sanynyň, mundan sekiz ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende, azyndan 14 esse artandygyny görkezýär.

“Green Card” lotereýasynda ýeňiş gazanan türkmenistanlylaryň sany 2016-nji ýylda 91-e, 2017-nji ýylda 306-a, 2018-nji ýylda 258-e, 2019-njy ýylda 515-e, 2020-nji ýylda 870-e, 2021-nji ýylda 745-e, 2022-nji ýylda 555-e deň boldy. 2023-nji ýylda bolsa, bu görkeziji 1313 adama barabar bolup, bir ýyl ozalkysyndan iki esseden köp.

Degişli maglumat Amerika göçjek türkmenler köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.