Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägine degişli 41 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan etdi.
“Biznes Türkmenistan” 15-nji noýabrda satyljak emläkleriň sanawynyň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilendigini habar berdi.
Satyljak desgalaryň arasynda Dänew etrabynyň Hendekli obasynda ýerleşýän bişen kerpiç sehi, Lebap welaýatynda ýerleşýän “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody hem bar. Bu desgalaryň satylýandygy awgust aýynda hem habar berlipdi.
Türkmenistanda döwlet serişdesine gurlan desgalaryň, kärhana binalarynyň hususy eýeçilige satylýandygy baradaky habarlar yzygiderli çap edilýär. Emma ol desgalaryň satylmagynyň ýa satyn alynmagynyň bar bolan iş orunlaryna, olarda işleýän ýa işlejek adamlaryň gazanç mümkinçiliklerine nähili täsir ýetirýändigi aýdylmaýar.
Degişli maglumat Türkmenistan ýene 44 desgany satuwa çykarýar