Türkmenistanda azyndan iki aý çemesi dowam edýän dizel gytçylygy ýerli sürüjiler bilen birlikde, ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna-da hem wagt, hem-de maddy çykdajy taýdan ýiti täsir edýär. Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlara düşündiriş bermeýärler, we mümkin çykalga hökmünde, käbir ýangyç beketlerinde dizeli çäkli ýagdaýda goýbermegi ýola goýýarlar.
Marydaky habarçymyz dizel gytçylygynyň soňky iki hepdeden bäri hasam ýitileşendigini, ilatly punktlaryň ýangyç beketlerinde onuň asla ýokdugyny, diňe uly ýollaryň ugrundaky käbir stansiýalarda ony çäkli mukdarda guýduryp bolýandygyny aýdýar.
“Dizel bilen işleýän ulaglaryň, esasan hem ýük ulaglarynyň sürüjileri zerur ýangyjy tapjak bolup juda alada galýarlar. Onuň bar stansiýalarynda hem dizeli her bir ulaga 50 litrden artyk guýup bermeýärler. Munuň netijesinde gum, kerpiç ýaly serişdeleri daşaýan ýük ulaglarynyň köpüsi işini goýbolsun etmeli boldy. Bu hyzmatlary dowam etdirýänleriň nyrhy hem 120 manatdan 200 manada galdy” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirýän ýük ulag sürüjileriniň biri 24-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, ol ýangyç gytçylygynyň netijesinde alym-berim ýagdaýlarynyň hem döreýändigini belledi.
“Dizeliň bar stansiýalarynda onuň 1 litri 1 manat 35 teňňeden satylýar. Ýöne beketdäki hünärmene her litri üçin näresmi 2 manat tölejek diýseň, goşmaça 50 litr guýup berýär. Ýerli nebit kärhanalaryndan tanyş tapyp bilseň, iş sagatlaryndan soň, gijara baryp 50 manada 20 litrlik gaba dizel guýduryp bolýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.
Bu ýagdaýlar dogrusynda, şol sanda energiýa serişdelerine baý ýurtdaky dizel gytçylygynyň sebäpleri boýunça gürrüňi gidýän nebit kärhanalaryndan maglumat almak başartmady.
Degişli maglumat Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýarŞol bir wagtda, dizel gytçylygy ýurduň çäginden üstaşyr gatnaýan ýük ulaglarynyň hereketinde hem bökdençlikleri döredýär. Habarçymyz uly ýollaryň ugrundaky ýangyç stansiýalarynda ýük ulaglarynyň çäkli mukdardaky dizeli alyp bimek üçin, ençeme günläp garaşmaly bolýandyklaryny belledi.
Lebapdaky habarçymyz hem ýurduň gündogar welaýatynda-da dizel gytçylygynyň saklanýandygyny tassyklaýar. Ol hususanda welaýatyň Özbegistan bilen serhetleşýän sebitleriniň ýangyç guýujy beketlerinde ýük ulaglarynyň uly nobatlarynyň emele gelýändigini aýdýar.
“Bu günler [Özbegistan bilen aradaky] Farap gümrük nokadynyň golaýyndaky Farap şäherçesiniň ýangyç guýujy beketlerinde onlarça ýük ulagy ençeme sagatlap garaşmaly bolýarlar. Bular esasan tranzit gatnaýan ulaglar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren sürüjileriň biri 24-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol sebitiň käbir ýangyç stansiýalarynda diňe üstaşyr gatnaýan daşary ýurt ýük ulaglary üçin 200 litr dizeli guýmagyň ýola goýlandygyny hem belledi.
“Farap şäherçesiniň ýangyç stansiýalarynda bu çäkli dizeli guýduryp bilmek üçin, her gün 50-ä golaý ulag toplanýar. Emma ýük ulaglarynyň bagy 500 litr bolany üçin, sürüjiler mundan soň Çärjew etrabyndaky Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrundaky beýleki bir ýangyç stansiýasyna gidýärler. Bu ýoluň aralygy 15 km töweregi. Şol ýerde hem ençeme sagat garaşyp, 200 litr dizel guýdurýarlar we mundan soň gümrük nokadyna ugraýarlar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady.
Dizeliň ýiti gytçylygy bilen bagly ýagdaýlar, ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän Balkan welaýatynda hem sentýabryň başyndan bäri saklanyp galýar.
Degişli maglumat Nebit önümleriniň eksportyny artdyrýan Türkmenistanyň sebitlerinde ýene benzin gytçylygy emele geldiAzatlyk bu aýdylanlar barada sebitleriň häkimliklerinden we “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanyň mediasy umumy bahasy ýüzlerçe müň amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada dowamly habar berýär.
Ýöne häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygyny hem-de onuň sebäplerini resmi derejede agzamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.