Türkmenistanda täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde 76 müňden gowrak çaga 1-nji synpa okuwa barýar. Bu san 2022-nji ýylda 159 müňden hem köpdi. Bu sanlar, ýurtda ilat sanynyň 7 milliondan aşandygy yglan edilensoň, birinji synpa barýan okuwçylaryň sanynyň iki esse azalandygyny görkezýär.
1-nji sentýabrda 76 müň 677 çaga 1-nji synpa okuwa barar. Olar “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öndüren noutbuklaryny alarlar. “Bilimli” diýlip atlandyrylýan bu noutbuklar mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan çagalara döwlet baştutanynyň adyndan sowgat berler diýip, ýarym-resmi “Orient” neşiri 30-nji awgustda habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri soňky üç ýyl bäri 1-nji sentýabrda 1-nji synpa başlaýan okuwçylaryň sanyny 160 müň töwereginde saklap gelýärdiler. Geçen ýyl döwlet we ýarym-resmi media serişdeleri 2022-2023-nji okuw ýylynda 159 müň 772 çaganyň 1-nji synpa okuwa barýandygyny habar berdiler. Şonda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň bilim aljakdygy hem bellenipdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda çagalar mekdebe ýazylýar, Lebapda mekdepler alty ýaşly çagalary 'gözleýär'Bu sanlar ýurtda birinji synpa barýan okuwçylaryň sanynyň soňky bir ýylyň dowamynda birden iki esse azalandygyny görkezýär. Jemgyýetdäki demografiki proseslerden habar berýän bu resmi görkezijiler ýurduň ilatynyň 7 milliondan geçendigi barada türkmen häkimiýetleriniň yglan eden sanlaryna ters gelýär.
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda geçirlen ilat ýazuwynyň netijelerini şu ýylyň iýulynda yglan edildi. Şonda Azatlygyň ýagdaýy bilýän we birek-bireginden garaşsyz birnäçe çeşmesi, Döwlet statistika komiteti tarapyndan neşir edilen sanlaryň, sypaýyçylyk bilen aýdylanda çişirlendigini we ýurduň ilatynyň hakyky sanynyň hatda 4 milliona-da ýetmeýändigini aýtdylar.
Ýatlatsak, iýul aýynda Azatlygyň Lebapdaky habarçylary mekdep mugallymlarynyň alty ýaşly çagalary mekdebe ýazdyrmak üçin öýme-öý aýlanýandygyny habar berdiler. Habarçylarymyz mugallymlaryň öýlere aýlanmagynyň mekdebe ýazylýan alty ýaşly çagalaryň az bolmagy bilen baglydygyny hem aýtdylar.
"Mugallymlar maşgalada alty ýaşly çagalaryň bardygyny ýa ýokdugyny soraýarlar. Soňra çagalaryň dogluş şahadatnamalaryny görkezmegi haýyş edýärler. Alty ýaşly çagalaryň ene-atalaryndan mekdebe baryp, olary birinji klasa ýazdyrmagy haýyş edýärler" diýip, habarçymyz aýtdy.
Şonda Lebabyň döwlet edaralaryndaky, şol sanda bilim ulgamyndaky çeşmeleri ýaşaýyş derejesiniň düýpli erbetleşmeginiň çaga dogluşynyň peselmegine sebäp bolýandygyny aýtdylar.
Olaryň sözlerine görä, 2017-nji ýylda sebitde dogluş derejesi 10% peselipdir, 2018-nji we 2019-njy ýyllar aralygynda dogluş derejesi ýene 20% kemelipdir.
Degişli maglumat Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldyŞeýle-de, geçen okuw ýylynda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sanynyň azlygy sebäpli meýilleşdirilen üç synpdan biriniň goýbolsun edilendigini habar beripdi.
"Mundan üç-dört ýyl ozal, hökümet başlangyç synpa okuwa başlaýanlaryň sanynyň 100 müň töweregindedigini yglan eden mahaly, 1-nji synplar üçin dört-bäş sany synp döredilýärdi. Bu ýyl başlangyç synpa başlaýan okuwçylaryň sanynyň 160 müňe golaýdygy aýdylsa-da, birinji synplar üçin döredilen synplaryň diňe iki sanysy okuwçydan doldy” diýip, bilim işgäri geçen ýylyň sentýabrynda aýdypdy.
Türkmenistan 17 ýyl çemesi wagt bäri ilat sany barada resmi maglumatlary çap etmän gelýärdi. Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmeleri, munuň sebäbini ýurduň hakyky ilatynyň çak edilişinden has az bolmagy bilen düşündiripdiler.
2021-nji ýylyň iýulynda ilat ýazgylary, barlaglar we olaryň netijelerini seljermek işine gatnaşýan döwlet edaralarynyň işgärleri bolan birnäçe çeşme, deslapky hasaplamalara görä ilatyň “hakyky sanynyň” 2,7–2,8 million adamdan geçmeýändigini mälim edipdi.
Azatlygyň çeşmeleriniň 2019-njy ýylyň maý aýynda beren maglumatyna görä, 2008-2019-njy ýyllar aralygynda takmynan 1,9 million adam Türkmenistany terk etdi.
Degişli maglumat Indi 'iň az sanlysy däl': Türkmenistan ilatynyň 7 milliondan geçendigini öňe sürdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.