Mary we Lebap welaýatlarynda ýitileşip dowam edýän awtomobil ýangyjynyň gytçylygy ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär: beketleriň öňünde emele gelýän awtoulag nobatlary saklanyp galýar, bazarlarda bahalar ýokarlanýar, ýol kireýleri gymmatlaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitlerden maglumat berýär.
“Mary welaýatynyň etraplarynda ýerleşýän käbir ýangyç beketlerinde benzin düýbünden ýok. Şäher ýerlerinde adamlar şahsy awtoulaglaryndan seýrek peýdalanyp başladylar” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitde ýangyç bar bolan ýangyç beketleriniň öňünde emele gelýän awtoulag nobatlarynyň egsilmeýändigini habar berýär
“Adamlar birnäçe sagatlap, awtoulag ýangyjynyň nobatlaryna garaşyp, öýlerine gijäň ýary barýarlar. Käbir adamlar daňdan sagat 4:00-da turup, benzin nobatyna barýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylar gytçylygyň arasynda ýangyjyň resmi bahasynyň ýokarlandyrylmak ähtimallygyndan alada galýarlar.
Degişli maglumat Ýangyç bekediniň öňündäki awtoulag nobatlary üç kilometre çenli uzaýar (WIDEO) – çeşmelerTürkmenistan awtoulag ýangyjynyň arzan bahasy boýunça dünýäde iň öňdäki ýurtlaryň hatarynda gelýär. Bu ýurtda bir litr benziniň A95 görnüşi 1 manat 50 teňňeden, A92 görnüşi 1 manat 35 teňňeden, A80 görnüşi 1 manat 15 teňňeden, dizel ýangyjy 1 manatdan satylýar.
Mary welaýatyndaky habarçymyz bu sebitiň üstünden geçip, Lebap welaýatyna barýan awtoulaglaryň hem ýangyç beketlerinde nobatlara garaşýandygyny aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri bu sebitde ýangyç gytçylygynyň has-da ýiti duýulýandygyny aýdýarlar.
“Biz şu wagta çenli munuň ýaly boş köçeleri görmändik: ‘zombi apokalipsis’ kinofilmlerini ýada salýar” diýip, sebit merkeziniň ýaşaýjysy aýdýar.
“Köçelerde ýeňil maşynlar ýek-tük görünýär. Awtobus ýok, şol sebäpden şäheriň köçelerinde ýöräp barýan adamlary hem görmek kyn, hamala, mazarystana düşen ýaly” diýip, beýleki bir türkmenabatly aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda ýurduň dürli sebitlerinde ýitileşip dowam edýän ýangyç gytçylygy barada yzygiderli habar berip gelýärler.
Biraz öň, 4-nji oktýabrda gündogar welaýatyň ýangyç beketleriniň biriniň öňünde dört kilometre çenli uzap gidýän awtoulag nobatlaryny görkezýän bir wideo redaksiýamyza gelip gowuşdy. Azatlygyň saýtynda çap edilen bu wideoda ýangyç nobatyna garaşýan ýüzlerçe awtomobil ulagyny görmek bolýar.
Türkmenabat şäher häkimligindäki bir çeşme ýurtda emele gelen ýangyç gytçylygynyň bazarlarda käbir gündelik azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna alyp gelendigini aýdýar.
“Bazarda towuk eti ýöne ýere gymmatlamady. Towuk fermalaryndan bazarlara towuk etini daşaýan ulaglarda ýangyç ýok” diýip, çeşme belledi we soňky wagtlarda şäher häkimliginiň iýmit üpjünçiligi bölüminiň azyk ammarlaryndaky ätiýaç etleriň çykarylyp başlanandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Beketlerde emele gelýän awtoulag nobatlary birnäçe sagatlap dowam edýär, benzin gytçylygy ýitileşýärAzatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça şäher häkimliginden resmi teswir alyp bilmeýär.
Çeşmeler subsidirlenen azyk önümlerini daşaýan ýük ulaglarynyň hem ýangyç ýetmezçiligi sebäpli, döwlet dükanlaryna ýeňillikli iýmit önümlerini eltip bilmeýändigini aýdýarlar.
Şäheriň iri bazarlarynyň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan bazar satyjylary ýangyç gytçylygynyň azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagyna getirýändigini aýtdylar.
“Bir kilogram şeker 16 manatdan 19 manada galdy. Günebakar ýagy benzin ýetmezçiliginden öň 20-25 manatdan satylýardy, häzir 30 manat. Makaron, mesge, tüwi, greçka we nohut ýaly harytlaryň bahalary 2-3 manat gymmatlady. Türkmenistanda öndürilen un ýok” diýip, türkmenabatly bazar satyjysy aýtdy.
Ýangyç gytçylygy şäher ýerlerinde ýol kireýleriniň bahalarynyň hem ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaý bolsa býujet işgärleriniň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň hem gündelik durmuşyna täsir etdi.
“Şu gün ýola irden sagat 7:00-da çykdym, iş ýerime 9:30-da bardym. Başlyk düşündiriş ýazdyrdy. Ýollarda awtobus ýok. Hökümet problemany çözmeýär, biz näme edeli diýenimde: ‘sen näme, arkadagly serdarymyzyň syýasatyna garşymy?” diýip, haýbat atdy” diýip, Türkmenabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň bir mugallymy aýdýar.
Bu aýdylanlary başga-da birnäçe mugallym tassyklaýar.
“Mekdep müdiri onsuz hem mugallymlardan para almak üçin, bahana gözläp ýör. Benzin ýok, ulag ýok diýseň, syýasat bilen gorkuzýarlar. Giç galyp gelseň, işden çykarjak diýip haýbat atýarlar” diýip, mugallymlar aýdýar.
Degişli maglumat Maryly ýaşaýjylar owgan halkyna iberilen haýyr-sahawat ýardamlaryny ara alyp maslahatlaşýarlarÝangyç ýetmezçiliginiň fonunda okuwçylaryň sapaklara gatnaşygy hem pese gaçýar.
Çeşmelere görä, käbir mekdepleriň müdirleri welaýat baş bilim müdirliginden käýinç almazlyk üçin, mugallymlara gatnaşyk hakyndaky hasabatlary galplaşdyrmagy tabşyrýarlar.
“Mekdebe gelmedik çaga ‘geldi’ diýlip ýazylsa, şol gün hem oňa bir zat bolaýsa, mugallymlar kellesi bilen jogap berýärler” diýip, baş bilim müdirligindäki çeşme aýdýar.
Şäherdäki mugallymçylyk institutynyň bir talyby, okuwa öýünden gatnaýan topardaşlaryna salgylanyp, dowam edýän ýangyç ýetmezçiliginiň institutyň daşynda ýaşaýan talyplara ýaramaz täsir edendigini aýtdy.
“Topardaşym irden sagat 4:00 ýola çykýar. Şähere gelmek üçin taksä öňki bahasyndan 4 esse köp pul töleýär. Sapaklar gutarandan ýadap, gaty giç öýe gaýdylýar” diýip, talyp aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.