Berdimuhamedow alabaý güni bilen ogluny gutlady, ýurtda idegsiz itler ýok edili

Türkmen alabaý itiniň baýramçylygy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredildi.

Türkmenistanda alabaý güni dabaraly bellendi. Çopan it tohumy döwlet derejesinde mahabatlandyrylýar. Emma beýleki itler tutulmak we ýok edilmek howpy astynda galýar, baýramçylyk güni wehim hasam artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky günlerde itleriň köpçülikleýin ýok edilendigi barada maglumat berdiler.

"27-nji oktýabrda jemagat gulluklaryň işgärleri Baýramalyda wagşyçylyk bilen arassalaýyş geçirdiler. Itleri, şol sanda öý itlerini-de tutdular. Käbirlerini dessine öldürdiler, olaryň arasynda alabaý itleri hem köpdi" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy gürrüň berdi.

Itleri tutmak işi baýramyň öňüsyrasynda başlandy. Alabaý itiniň güni oktýabr aýynyň soňky ýekşenbe güni bellenilýär, bu ýyl baýramçylyk senesi 29-njy oktýabra düşdi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, diri galan haýwanlar, esasan kiçi we orta itler haltalara salnyp, Mara äkidilipdir we şol ýerde tutulan itleriň kabul edilýän ýerine üýşürilipdir.

Degişli maglumat Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik geçiriler

Haýwanlary goraýan ýerli aktiwistleriň sözlerine görä, itleriň eltilýän ýerlerinde elhenç ýagdaýy görse bolýar itler "haltalarda bogulyp ölýär".

"Alnyp gidilen itleriň eýeleri öz pasportlaryny we itleriň dokumentlerini alyp ol ýere ylgadylar, käbirleri girmäge rugsat berilmese-de içeri girdiler. Şol ýerde haltalardan gaty gorkunç sesler eşidildi. Haltalaryň birinde it birnäçe güjük dogurdy, hemmesi ses edip, çyksaýardy" diýip, wakalara şaýat bolanlaryň biri gürrüň berdi.

Ýurduň häkimiýetleri köçelerde itleri we pişikleri, şol sanda eýeleri bolan öý haýwanlaryny yzygiderli tutýarlar, baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bu tutha-tutluk has hem güýçlenýär.

Şeýle-de bolsa, ýurduň ýolbaşçylary bu alabaý baýramyna uly ähmiýet berýär. Sene bilen baglanyşykly Türkmenistanyň prezidenti öz kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýörite gutlaga eýe boldy.

Kakasy prezident ogly Serdar Berdimuhamedowy öz goly astyndaky döwlet edarasy Halk Maslahatynyň adyndan gutlady. "Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýlip prezidentiň kakasynyň öz ogluna gutlag hatynda aýdylýar.

Döwlet metbugatynda çap edilen hatda Arkadag adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow ogluna ýüzlenip, ony “Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan prezidenti; Eziz prezidentimiz!; Hormatly Prezident! We Hormatly Arkadagly Gahryman Serdar! diýip atlandyrdy.

Serdar Berdimuhamedow ýurt başyna geçmezden ozal Türkmen alabaýy birleşigine we Ahal-Teke atçylyk birleşigine ýolbaşçy bolupdy. Guramalaryň ikisi-de özüni atlar we itler boýunça bilermen hökmünde görkezýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilipdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär

Azatlygyň habarçylarynyň, it eýeleriniň we haýwanlary goraýan ýerli aktiwistleriň sözlerine görä, soňky ýyllarda türkmen alabaý itiniň kultynyň güýçlenmegi bilen birlikde itleriň ýok edilmegi hem ýaýbaňlanypdyr.

Bu aralykda alabaý itleri we ahalteke atlary Türkmenistanda mahabat nyşanyna öwrüldi, olara ýadygärlikler we ýörite seneler bagyşlandy.

Alabaý itiniň baýramçylygy 2021-nji ýylda döredildi, şol bir wagtyň özünde "Halk atşynasy" we "Türkmenistanyň hormatly itşynasy" atlary döredildi. Serdar Berdimuhamedow ilkinji bolup "Hormatly itşynas" adyna eýe boldy we ony oňa kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.

Itlere kitap we goşgy bagyşlan Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda alabaý itiniň äpet altyn ýadygärligi dikildi.

Ýurt ilaty alty ýyl bäri azyk ýetmezçiliginden, ilkinji nobatda unsuz we çöreksiz kösenýärkä, alabaý itleri üçin azyk paýlary döredildi.

Türkmen ýolbaşçylary daşary ýurtly syýasatçylara türkmen alabaý güjügini sowgat bermek däbini döretdi. Geçen hepde Türkiýä eden saparynda Serdar Berdimuhamedow türk kärdeşine Gardaş atly türkmen alabaý güjügini sowgat berdi. Ozalky ýyllarda prezident bolan döwründe Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itlerini Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we premýer-ministri Dmitriý Medwedewe sowgat beripdi.

Degişli maglumat 'Jeset depeleri'. Itler barada kanunyň kabul edilmegi olaryň köpçülikleýin öldürilmegi bilen utgaşýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.