Türkmenistanda 8-nji martda aýal-gyzlaryň belli bir bölegine 60 manat berler

Azatlygyň habarçylary sowgadyň mukdarynyň ujypsyzdygyny, ýöne pes girdejili maşgalalaryň hatda bu pula hem mätäçdigini aýdýarlar.

Türkmen prezidenti 8-nji martda aýal-gyzlaryň belli bir bölegine 60 manat pul sowgatlaryny bermegi buýurdy. 23-nji fewraldaky karara laýyklykda, bu serişdeler 1-6-njy mart aralygynda gowşurylar.

Türkmenistanda dollaryň iki bahasy bolup, sowgat beriljek 60 manat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 3 dollara golaý serişde bolýar.

Azatlygyň habarçylary sowgadyň mukdarynyň ujypsyzdygyny, ýöne pes girdejili maşgalalaryň hatda bu pula hem mätäçdigini aýdýarlar.

Bu sowgat, öňki ýyllaryň tejribelerine laýyklykda, öý hojalykçy aýal-gyzlara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle-de hususy kärhanalarda işleýän zenanlara berilmeýär.