Türkmenistanda 16 ýaşyna ýeten ýaşlara içerki pasportyň berilmegi gijikdirilýär

Türkmenistanyň raýatlary 16 ýaşyna ýetende pasport almaga borçly. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda raýatlara içerki pasportyň berilmegi gijikdirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, 16 ýaşy dolan ýetginjekler, şeýle hem pasportyny ýitirip, dokumentini täzelemäge mejbur bolan raýatlar pasportyna ençeme aýlap garaşýarlar.

16 ýaşyna ýeten oglanlar we gyzlar Aşgabatda we Ahal welaýatynyň etraplarynda, şol sanda Gökdepede içerki raýat pasportlaryny wagtynda alyp bilmeýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, käbirleri alty aý bäri pasporta garaşýarlar, beýlekiler bir ýyla golaý wagt bäri dokumentini alyp bilmeýärler.

"Ahal welaýatyň gündogar sebtiniň ýaşaýjylary azyndan alty aý bäri içerki pasportlaryň berilmegine garaşýarlar. Ýanwar aýynda 16 ýaşyna ýetenler ýylyň başynda resminama tabşyrdylar, ýöne olara şonda tomusa çenli garaşmaly diýdiler. Pasport bölüminiň işgärleri indi pasport bermek üçin zerur blanklaryň ýokdugyny aýdýarlar"-diýip, habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.

Degişli maglumat Balkanda biometriki pasport almak üçin žetonlaryň berilmegi wagtlaýyn togtadyldy

Düzgüne görä, adatça pasport bir aýyň dowamynda taýýarlanýardy.

Içerki pasporty almak üçin ýüz tutan raýatlaryň sözlerine görä, häkimiýetler köplenç pasportyň gijikdirilmeginiň sebäbini asla düşündirmeýärler ýa-da zerur blanklaryň ýoklugyna salgylanýarlar. Azatlyk Radiosy paýtagtdaky we Ahal welaýatyndaky pasport bölümleriniň wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Oktýabr aýynda Türkmenistanda içerki pasportyň täze görnüşi tassyklandy. Hususan-da, Içeri işler ministrligindäki çeşmä görä, ýakyn wagtda dolanyşyga girizilmegi meýilleşdirilýän täze pasportyň öňküsinden esasy tapawutlarynyň biri onda raýatyň “milleti” görkezilmeýär. Emma raýatlara içerki pasportlaryň berilmeginiň gijikdirilmeginiň täze pasportyň dolanyşyga girizilmegi bilen baglanyşygynyň bolup-bolmazlygy entek belli däl.

Bu aralykda, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen ýagdaýdan habarly çeşme, häkimiýetleriň migrasiýa akymyny haýallatmak synanyşygy sebäpli raýatlara, şol sanda 16 ýaşyna ýetmedik ýetginjeklere içerki pasportlary bermegiň möhletini yza süýşürýändigini öňe sürýär.

"Içerki pasportlary alan badyna ýaşlar daşary ýurt pasportyny almak üçin Migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar. Uly nobatlar ýüze çykýar" - diýip, adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen çeşme aýtdy.

Türkmenistanda biometriki pasportlaryny almak üçin görlüp-eşidilmedik nobatlar saklanýar. Pasport almaga islegler gün-günden artýar. Daşary ýurtlara syýahat üçin zerur dokumenti almak isleýän raýatlar bir ýyl uzaga çeken nobatlara ýazylýarlar. Migrasiýa edaralary ýüz tutýanlaryň köp bolmagy sebäpli nobata ýazmak işini wagtal-wagtal togtadýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň “täze nusgasynda ‘milleti’ bölümi aýrylýar”

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň pasport almakdaky uzaga çeken kynçylyklary barada resmi düşündiriş bermän gelýärler, ýöne ilatyň ýurduň daşyna gitmek islegleriniň barha artýandygyny göz öňünde tutup, raýatlaryň pasport almagyny we ýurtdan çykmagyny kynlaşdyrmak üçin görlüp-eşidilmedik çäreleri görýärler.

Şu ýylyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan raýatlara daşary ýurt pasportynyň berilmezligine degişi ýagdaýlar köpeldi. Şeýle-de, üç nesilde garyndaşlarynyň arasynda jenaýata çekilenleriň ýokdugyny tassyklaýan “uç arka” resminamasyny berip bilmedik raýatlara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwrüldi, raýatlaryň SSSR döwründe berlen dogluş hakyndaky şahadatnamalary esasynda pasport berilmegi hem inkär edildi.

Türkmenistanyň raýatlary barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar we köpçülikleýin işsizlik zerarly ýurduň daşyna gitmäge synanyşýarlar.

Degişli maglumat Ilata ýeterlik berilmeýän biometriki pasporty '1000 dollara bir hepdäniň içinde alyp bolýar'

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.