Türkmenistan žurnalist Nurgeldi Halykowa daşary ýurda gitmegi gadagan etdi

Nurgeldi Halykow (Turkmen.news neşiriniň suraty)

Türkmen žurnalisti Nurgeldi Halykowyň ýurtdan çykmagy gadagan edildi. Halykow bilen hyzmatdaşlykdaky garaşsyz “turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, ol 12-nji ýanwarda Dubaýa uçmalydy, emma ol uçara goýberilmedi. Neşiriň habaryna görä, žurnalistiň Birleşen Arap Emirliklerine iş wizasy bardy. 30 ýaşly Halykow geçen ýylyň iýun aýynda türmeden boşadyldy. Ol türkmen.news bilen işleşendigi üçin Türkmenistanda dört ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

“Turkmen.news” neşiri Nurgeldi Halykowyň Dubaýa uçmalydygyny we şol ýerde myhmansöýerlik pudagynda iş tapandygyny 12-nji ýanwarda habar berdi. Ony işe çagyran kompaniýa iş wizasy bilen kömek edipdir we uçar biletini töläpdir. Emma Aşgabadyň howa menzilinde Halykow birnäçe sagatlap aýry otagda sorag edildi. Netijede oňa ýurtdan çykmaga rugsat berilmedi.

Degişli maglumat “Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar

“Turkmen.news” Halykowyň türmeden boşadylandan soň birnäçe aýlap bejergi alandygyny we bu döwürde daşary ýurt pasportyny alyp, daşary ýurda gitmek üçin resminamalary ýygnamagy başarandygyny belleýär. Geçen ýylyň ahyrynda Halykow Dubaýda myhmansöýerlik pudagynda iş tapypdyr, ol bu ugurda 2017-nji ýyldan başlap, 2020-nji ýylda tussag edilýänçä işläpdir.

Emma Halykow Türkmenistandan çykyp bilmedi.

Türkmenistan öz raýatlaryny halkara uçarlaryndan düşürmek we olara daşary ýurtlara syýahat etmegini esassyz gadagan etmek bilen tanalýar. Häkimiýetleriň ygtybarsyz hasaplaýan türkmen raýatlary, ýurtdan çykmakda has uly kynçylyklara duçar bolýarlar.

Halykowyň ýagdaýynda ony ýolundan saklamak boýunça hereketer gümrük barlag nokadynda, reýs registrasiýasyndan soň başlanypdyr.

“Halykowyň eýýäm barlanan goşlary yzyna getirildi we rentgen enjamyndan geçirildi, soňra el bilen barlandy. Barlagy birnäçe adam synlady, hatda serhetçiler hem geldi. Gümrük gullugynyň işgärleriniň özara söhbetdeşliklerinden Halykow hakda öňünden habar berlendigi we ony barlamagyň tabşyrylandygy belli boldy" diýip, turkmen.news ýazýar.

Şeýle-de bolsa, düýpli barlaglardan soň Halykowa serhet gözegçiliginden geçmäge rugsat berildi.

“Serhet gözegçiliginde kabinadaky işgär derrew Halykowy aýratyn otaga iberdi. Ol ýerde bir işgär Halykow bilen gürleşip başlady we maşgalasynda sud edilen adamlaryň bolup-bolmazlygy barada sorady. Ol özüniň galplykda günäkärlenendigini we türme möhletini başdan geçirendigini aýtdy. Soňra smenanyň başlygy gelip, sorag berip başlady. Ol Halykowyň nirä we näme üçin gidýändigi, nirede işlejekdigi bilen gyzyklandy. Bu ofiser Halykowa Dubaýda masažist bolup işleýän türkmen gyzlary barada sosial ulgamlardan wideo görkezdi we olary tanap-tanamaýandygyny sorady" diýip, Turkmen.news ýazýar.

Degişli maglumat CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar

Birnäçe sagatlap sorag edilenden soň, Halykowa daşary ýurda syýahatynyň wagtlaýyn çäklendirilendigi we soraglar bilen migrasiýa gullugyna ýüz tutup biljekdigi aýdylýar.

Nurgeldi Halykow 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda galplykda aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne adam hukuklaryny goraýjylar žurnaliste garşy sud işiniň toslanyp tapylandygyna ynanýarlar. Ol Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran agzalarynyň suratyny Turkmen.news neşirine ugratmagyndan soň tussag edilipdi.

2024-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen häkimiýetleri halkara baýragyny almak üçin Ženewa gitmegi planlaşdyran başga bir garaşsyz žurnalist Soltan Açylowany ýurtdan çykarmady. Žurnalistiň uçmaly güni dört sany ak halatly nätanyş adam öýüne baryp, 75 ýaşly zenany zor bilen ýokanç keseller hassahanasyna alyp gitdiler we onda ýokanç keseliniň bar bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar.

Degişli maglumat Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.