Türkmenistan ýene 44 desgany satuwa çykarýar

Döwlet serişdesine gurlan jaýlar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 44 sany desga satuwa çykarylýar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Resmi maglumata görä, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

Satyljak desgalaryň arasynda Dänew etrabynyň Hendekli obasynda ýerleşýän bişen kerpiç sehi, Lebap welaýatynda ýerleşýän “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody hem bar.

Mundan başga, satyljak desgalaryň sanawynda dükanlar, kafeler, naharhanalar, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary bolar.

Türkmen häkimiýetleri ozal döwlet serişdelerine gurlan desgalaryň yzygiderli satuwa çykarylmagyny bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen düşündirýär, ýöne bu söwdalaryň hususyýetçiligiň giňeldilmegine, iş ýerleriniň köpeldilmegine ýetirýän oňyn täsirleri anyk bolman galýar.