Türkmenistan we Azerbaýjan swap arkaly “gazyň gaýtadan akdyrylmagyny maslahat edýär”

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan we Azerbaýjan, Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygynyň esasynda türkmen gazyny Azerbaýjana gaýtadan eksport edilip başlanmagy ugrunda gepleşikleri geçirýärler. Bu barada Interfax habar gullugy Eýranyň Milli Gaz kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gazyny akdyrmagyny bes edendigi barada habar çykdy. Emma onuň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmady. Bu barada Türkmenistanyň häkimiýetleri hem resmi beýanat bilen çykyş etmediler.

Eýranyň Milli Gaz kompaniýasynyň maglumatynda hem munuň sebäpleri takyklaşdyrylmaýar, diňe eksportyň “wagtlaýyn togtadylandygy” nygtalýar.

“Iki döwlet ylalaşyga gelen wagty, gazyň swapy dowam etdiriler” diýip, Eýran tarapynyň maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Eýranyň üsti bilen, Azerbaýjana öz gazygy akdyryp başlady. Bu baradaky üçtaraplaýyn ylalaşyga 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda gol goýlupdy.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň swap ulgamy arkaly Azerbaýjana 0.9 milliard m3 gaz, 2023-nji ýylda bolsa 2.6 milliard m3 gaz akdyrandygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.