'S.Türkmenbaşy' şaýoly ýapyldy
Iýunyň 1-den 2-ne geçilýän gije gürrüňi gidýän şaýoluň demirgazykda “Oguzhan”, günortada “10 ýyl abadançylyk” köçeleri bilen çatryklarynyň arasy petiklendi.
Şaýoluň ýapyljakdygy hakynda aprel aýynyň başlarynda “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetlerinde habar berildi.
Şaýoluň agzalan böleginiň ýapylmagy “Parahat” mikroraýonlarynyň ýaşaýjylaryna işe, okuwa gatnamakda, paýtagtyň beýleki edaralaryna gitmekde kynçylyklary döredendigi bellenilýär.
“Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň ýapylan böleginde gurluşyk işleriniň haçan tamamlanjakdygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.
"Aziýa oýunlary” üçin giňeldilýän bu köçäniň gurluşyk işlerine gaznadan goýberilen maýa serişdeleri barada hem hiç hili maglumat ýok.
Şaýoludaky gurluşyk işlerine gatnaşýan ýaşaýjylar.