Türkmenistan pagta meýilnamasynyň ýagdaýyny aýtmaýar - TH

Bezeg suraty

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen prezidentine pagta meýilnamasynyň doldurylandygy baradaky hasabatyň berilmändigine ünsi çekýär.

Neşiriň 16-njy dekabrda geçirilen hökümet mejlisine salgylanyp ýazmagyna görä, hökümet başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary Tangryguly Atahalleýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişi barada beren hasabatynda pagta meýilnamasy barada ilkinji gezek hiç zat aýtmady.

“Pagta diňe daýhanlar bilen hasaplaşyk we ýerleri 2025-nji ýylyň ekiş möwsümine taýýarlamak barada gürrüň edilende agzaldy” diýip, TH 2-nji dekabrda geçirilen iş maslahatynda “pagtany soňky übtügine çenli ýygnamak” hakynda gürrüň edilendigini ýatladýar.

Adatça, göz öňünde tutulan pagta hasylynyň ýygnalandygy baradaky hasabat prezidente noýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň öň ýanynda berilýär.

TDH 10-njy noýabrda balkanly pagtaçylaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirendiklerini habar berdi, ýöne beýleki sebitleriň pagta meýilnamasyny dolup-dolmandygy şu güne aýdylmady diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistan adatça pagta, bugdaý hasyly baradaky meýilnamalaryň doldurylandygyny, beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alynýandygyny habar berýär. Emma ol habarlarda aýdylýan zatlary, türkmen resmileriniň hökümet mejlislerinde yglan edýän ösüş sanlaryny garaşsyz ýagdaýda barlamak we tassyklamak mümkinçiligi ýok.