Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini, şol sanda azyk we ýangyç önümlerini berdi

Türkmenistanyň Owganystana iberen ynsanperwerlik kömegi (arhiw suraty)

11-nji sentýabrda Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Resmi habarda munuň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna amal edilendigi we onuň düzümine çaga iýmitiniň, azyk önümleriniň, bugdaýyň, karbamidiň, dizel ýangyjynyň, benzininiň we sementiň” dagy hem girýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň öz çäginde azyk önümleriniň ýiti gytçylygy saklanyp galýar, şeýle-de ýurduň iri şäherlerinde benzin we dizel ýetmezçiligi dowam edýär.

Türkmen mediasy Owganystana iberilen soňky hemaýatyň “türkmen-owgan serhedinde Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli” ýollanandygy nygtalýar.