Türkmenistan "jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygyny we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygyny" öňe sürýär.
Ýöne ýurtda ýaşaýan milli azlyklar etniki gelip çykyşy esasynda ýyllarboýy kemsitmelere sezewar bolýandyklaryny, häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çäginde iş, okuw ýaly mümkinçilikleriniň berk çäklendirilýändigini aýdýarlar.
21-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ženwadaky edarasynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş etdi . Hasabat döwri 2016-2019-njy ýyllar aralygyny öz içine aldy.
Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiň 7-31-nji awgust aralygynda geçýän 110-njy mejlisinde türkmen delegasiýasynyň düzümine Içeri işler ministrliginiň, kanun goraýjy edaralaryň, Baş prokuraturanyň, Adalat ministrliginiň, Mejlisiň we Adam hukuklary boýunça Milli institutyň wekilleri girdi. Topara daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.
21-nji awgustdaky birinji mejlisde Türkmenistanyň wekilleri adam hukuklary boýunça beýleki halkara maslahatlarynda hem bolşy ýaly, diňe umumy sözler we milli kanunçylyga salgylanmak bilen çäklendiler.
Degişli maglumat Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'Jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek meselesinde Türkmenistanyň Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň ýörelgelerinden, Durban Jarnamasyndan hem-de Hereketleriň Maksatnamasyndan ugur alýandygy bellenildi.
Hajiýew ýurtda bu ugurda döredilendigi aýdylýan deň şertler barada gürrüň edende, azlyk bolup ýaşaýan milletleriň wekilleriniň öz dilinde bilim almak, hatda gazetdir-žurnallary okamak mümkinçilikleriniň ýokdugyny agzamady.
Ol geçen ýyl geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijelerine salgylanyp, ýurduň 7 milliondygy aýdylýan umumy ilatynyň 14%-ni beýleki milletleriň wekilleriniň düzýändigini, olaryň sanynyň 936 müňden hem aşýandygyny belledi. Türkmenistanda 61 milletiň wekilleri ýaşaýandygy aýdylsa-da, olaryň etniki gelip çykyşy we degişlilikdäki sany barada hiç hili maglumat berilmedi.
Türkmen resmisi hususanda ýurtda jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, muňa delil hökmünde kanuny namalary getirdi, ýöne başga jikme-jik getirmedi.
Azatlyk ýyllarboýy Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda pasport almakdaky bökdençlikleri, işe we okuwa girmekdäki meseleleri, medeni hukuklaryndan mahrum edilmegi barada dowamly habar berip gelýär.
Türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy erjellik bilen öňe sürýän “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde esasan hem etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap sebitlerinde toýlarda milli türkmen halk aýdymlaryny aýtdyrmak, dürli dabaralara diňe türkmenlere mahsus milli lybaslarda gelmek tabşyrylýar. Mundan başga-da, häkimiýetler raýatyň şahsyýetini görkezýän resminamalarda özleriniň milletini “türkmen” diýip ýazdyrmaga çenli mejbur etdi.
Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda etniki özbekler we gazaklar ýurduň käbir mekdeplerinde öz ene dillerinde bilim alyp bilýärdiler. Ýöne 2000-nji ýyllarda şeýle mümkinçilikler aradan aýryldy.
Türkmenistanda buluç, tatar, rus, ermeni, gazak we özbek ýaly özge milletleriň wekilleri bar. Ýöne, bellenilişi ýaly, türkmen häkimiýetleri olaryň anyk sany barada maglumat bermeýär.
Mundan başga-da, ýurtdaky milli azlyklaryň hukuklaryny gün tertibine getirýänler basyşlara sezewar edilýär. Türkmenistandaky buluç azlygynyň hukuklaryny goramakda tanalýan Mansur Mingelow, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä öz alyp baran jemgyýetçilik işi üçin ar almak maksady bilen toslanan aýyplamalar esasynda, 2012-nji ýylda 22 ýyl türme möhletine höküm edilipdi.
Türkmenistanda soňky ýyllar ykdysady ýagdaýlaryň agyrlaşmagy we esasy azatlyklaryň hasam gysylmagy arasynda, etniki azlyklaryň wekilleri ýaşap oturan Türkmenistanyny köpçülikleýin ýagdaýda hemişelik terk edip başladylar.
Türkmenistanyň häkimiýetleriniň we habar serişdeleriniň bu meseleleri gozgamaýşy ýaly, türkmen wekilleri bu barada Ženewada geçen maslahatyň dowamynda hem hiç zat aýtmadylar.
Türkmenistan Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýany 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.