Türkmenistan ilat sanynyň 7 milliondan geçendigini aýdýar

Bezeg suraty

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri yglan edildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhamedowyň prezidente beren hasabatynda aýdylmagyna görä, ilat ýazuwynyň netijeleri, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň ilatynyň umumy sanynyň 7 million 57 müň 841 adama ýetendigini görkezdi. Bu maglumat döwlet telewideniýesiniň "Watan” habarlary programmasynda ile ýetirildi.

Ilat ýazuwynda ýazgy edilen ilatyň 22,9 göterimi Mary welaýatynda, 22 göterimi Daşoguz welaýatynda, 20,5 göterimi Lebap welaýatynda, 14,6 göterimi Aşgabat şäherinde, 12,5 göterimi Ahal welaýatynda we 7,5 göterimi Balkan welaýatynda ýaşaýar.

Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurduň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Şeýle-de, ilat ýazuwynyň maglumatlary ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny tassyklady diýip, habarda aýdylýar.

Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy; Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6%, olaryň umumy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5% artdy diýip, hökümet mejlisinde berlen hasabatda aýdyldy.

Türkmenistan 16 ýyl töweregi wagt bäri ilatynyň umumy sany baradaky resmi görkezijileri çap etmän gelýärdi.

Maglumat üçin aýdylsa, 2006-njy ýylda ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygy öňe sürüldi. Emma muňa garamazdan, synçylar we Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri soňky ýyllarda, ýurtdaky işsizlik we agyr ykdysady krizis bilen baglylykda, ýüz müňlerçe adamyň ýurt daşyna çykandygyny we Türkmenistanyň demorafik krizisiň bosagasynda durandygyny öňe sürdüler.

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň Ministrler kabinetiniň 23-nji iýunda geçirilen mejlisinde beren hasabatyna görä, 17-27-nji dekabr aralygynda geçirilen ilat ýazuwynda toplanan maglumatlar umumylaşdyryldy we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyryldy.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hiç haçan aýan edilmedi. Ondan bäri on ýyldan gowrak wagt geçse-de, Azatlyk radiosy munuň sebäplerini anyklamaga çalşyp, hiç bir resmi maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistan garaşsyz žurnalistler üçin ýapyk ýurt bolansoň, Azatlyk radiosy türkmen resmileriniň ýurduň ilatynyň umumy sany we jaý gorlary barada yglan eden maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda barlap, tassyklap bilmeýär.

Degişli maglumat Türkmen hökümeti ilat ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi, sanlary äşgär etmedi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.