Türkmenistan bugdaý planyny dolandygyny aýdýar

Türkmen häkimiýetleri bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilýändigini öňe sürseler-de, ýurtdaky un, çörek ýiti gytçylygy saklanyp galýar.

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda türkmen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri yglan edildi.

Resmi maglumata görä, bu ýyl ýurduň harmanyna 1 million 400 müň tonna golaý bugdaý tabşyrylypdyr.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli daýhanlar bu ýylyň has gurak bolmagy, suw ýetmezçiligi, sil-suwlarynyň gelmegi, şeýle-de häkimiýetleriň öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmezligi bugdaý hasylyna ýaramaz täsir ýetirendigini bellediler.

Türkmen häkimiýetleri bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilýändigini öňe sürseler-de, ýurtdaky un, çörek ýiti gytçylygy saklanyp galýar.