Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugyna girdi

Bezeg suraty

Türkmenistan AI-95 benzininiň iň arzan bahadan satylýan ýurtlarynyň onlugyna girdi diýip, “Türkmenportal” “Global Petrol Prices” portalyna salgylanyp habar berdi.

Şeýle-de, Türkmenistan bu benziniň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýa lideri bolup durýar.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan AI-95 benzininiň arzanlygy boýunça (1 litriniň bahasy 0,0429 ABŞ dollary) dünýäniň dördünji döwleti boldy.

Ilkinji üçlükde Eýranyň (1 litri 0,029 ABŞ dollary), Liwiýanyň (1 litri 0,032 amerikan dollary) hem-de Wenesuelanyň (1 litri 0,035 ABŞ dollary) ady bar.

Benziniň iň gymmat ýurdy Gonkong bolup, ol ýerde 1 litr AI-95 benziniň bahasy 3,269 ABŞ dollaryna deň.

Türkmen metbugaty ýurtdaky garyplyk derejesi, benzin gytçylyklary barada habar bermeýär.

Degişli maglumat Benzin gytçylygy dowam edýär