Türkmenistan Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýran bilen bilelikde, balygyň bekre görnüşleriniň täjirçilik maksady bilen tutulmagynyň gadagançylygyny 2025-nji ýyl üçin uzaltdy diýip, “Biznes Türkmenistan” 21-nji dekabrda habar berdi.
Bu karar Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli ulanmak baradaky toparyň mejlisinde kabul edilipdir.
Russiýanyň Balykçylyk baradaky federal agentliginiň maglumatyna görä, hazarýaka döwletleri bekre işbiliniň we etiniň geljek ýylda eksport edilmeli möçberlerini kesgitlemezlik ylalaşygyna geldiler. Bekre balyklaryny tutmak ylmy barlaglar we emeli önümçilik maksatlary bilen gönüden-göni baglylykda amala aşyrylar.
Şeýle-de, rus tarapynyň hazarýaka döwletleriň balykçylarynyň forumyny döretmegi we Hazar toparynyň ýyllyk neşirini çykarmagy teklip edendigi habar berilýär.
Bekre balyklarynyň satmak üçin tutulmagyna girizilen gadagançylygyň möhleti indi tapgyr ikinji ýyl uzaldylýar. Bu hili çäklendirme 2024-nji ýylda hem girizilipdi diýip, habarda bellenýär.
Degişli maglumat Balykçylar deňizden kowulýar, bazarda esgerleriň tutan balyklary satylýar - çeşme