“Türkmenistan” awiakompaniýasy Tatarystana gatnawlary ýatyrýar. Sebäbi düşündirilmeýär

Bezeg suraty

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2-nji iýundan başlap Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň ýatyrylýandygyny mälim etdi.

2-nji iýunda çap edilen beýanatda munuň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Emma Azatlygyň çeşmeleri soňky çäreleriň, Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän giň gerimli urşunyň arasynda, Tatarystanyň paýtagtyna ýygjamlaşan dron hüjümleri bilen baglydygyny aýdýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýa uçuşlaryň Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyryljakdygyny, we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça alynan biletriň Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugryna ulanyp boljakdygyny hem mälim edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy mundan ozal, 2023-nji ýylyň tomsunda Moskwa edilen dron hüjümleriniň yz ýany hem, ýolagçylaryň howpsuzlygyna alada bildirip, Moskwa bilen aradaky uçar gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrypdy.