“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli amala aşyrjak halkara uçuşlarynyň täze meýilnamasyny mälim etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Resmi habara görä, awiakompaniýa dünýäniň 12 sany uly şäherine uçuş gurnar.
Täze meýilnama laýyklykda, hepdede 2 gezek Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Taýland), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) ugurlary boýunça uçar gatnawlary amala aşyrylar.
Hepdede bir gezek Abu-Dabi (BAE), 5 gezek Stambul (Türkiýe), 6 gezek Moskwa (Russiýa) ugurlary boýunça uçar gatnawlary gurnalar.
Türkmenistan, uly uçar gatnawy mümkinçiliklerine garamazdan, öz ilatynyň hereket azatlyklaryny berk çäklendirmekde, şeýle-de ýurda gelmek isleýän adamlaryň wiza almagyny aşa çylşyrymlaşdyrmakda tankyt edilýär.
Degişli maglumat Türkmen aeroportlaryndaky durgunlygyň arasynda, resmiler raýat awiasiýasynyň ösdürilýändigini aýdýar