“Türkmenhowaýollary” agentligi 6 sany Boeing uçaryny satyn alar

Bezeg suraty

“Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly, şeýle-de 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly uçar satyn almak barada Birleşen Ştatlaryň “Boeing”, “TMHCC-AIR 1 LLC” we “TMHCC-AIR 2 LLC” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

TDH habary Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna salgylanyp çap etdi.

Bu karar “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi diýip, türkmen metbugaty altynjy gün habar berdi.

Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň hökümet mejlisinde beren hasabatynda aýdylmagyna görä, täze satyn alnan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlarynyň ikisinde ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy.