“Türkmenenergo” DABS bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistanlylar sebitlerde elektrik üpjünçiliginiň ýaramazdygyny aýdýarlar

Türkmenistanyň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) korporasiýasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar.

Türkmen metbugaty prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli karara gol çekendigini habar berýär.

Bu karar türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmäge, goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen energetika hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen diýip, habarda bellenýär.

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň baş direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet biraz öň ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşik geçirmek üçin Türkmenistana geldi.

Saparyň barşynda Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek meseleleri, şol sanda 2025-nji ýyldaky şertler we iberiliş möçberleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Şu aralykda, “News Central Asia” (NCA) neşiriniň DABS-a salgylanyp ýazmagyna görä, owgan resmileriniň Aşgabada eden saparynda gol çekilen ylalaşyk esasynda türkmen togy Owganystana dört ugur boýunça, Andhoý, Akina, Badgis we Torgundi-Herat ugurlary arkaly geçiriler.

Owganystan ýylda öz içerki çeşmeleri esasynda 300 MWt elektrik öndürýär we Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan we Eýran ýaly goňşy ýurtlardan 620 MWt-dan gowrak elektrik energiýasyny import edýär diýip, habarda aýdylýar.