Soňky aýlarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Hazar şäherlerinde ogurlyk hadysalarynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Goşlary ogurlanan raýatlar etrap polisiýa işgärlerini jenaýatkärleri tapyp bilmezlikde aýyplaýarlar. Häkimiýetler polisiýa işgärlerine jenaýatçylar tapylmasa, onda raýatlaryň ogurlanan emläkleriniň öweziniň özlerine töletdiriljekdigi barada haýbat atýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 10-njy iýulda sebitden maglumat berdiler.
“Türkmenbaşyda we Hazarda iýun aýynyň başyndan iýul aýynyň 5-ne çenli aralykda jemi 23 sany talaňçylyk, ogurlyk hadysalarynyň bolandygy hasaba alyndy. Ogrular esasan hususy eýeçilikdäki öýleri, supermarketleri we hojalyk jaýlaryny talaýarlar” diýip, polisiýadaky ynamdar çeşmämiz aýtdy.
Talaňçylar esasanam ýaşaýjylar we telekeçiler iş ýerlerinde ýa-da öýlerinde ýok wagty gelip, olaryň elektrik enjamlaryny, sowadyjylaryny, telewizorlaryny, halylaryny we seýflerini ogurlaýarlar.
Degişli maglumat Aşgabatda tutuş bir maşgala, är-aýal we 11 ýaşly ogullary, pyçaklanyp öldürildi“Polisiýa ogurlyk hadysalary baradaky arzalaryň tas hiç birini kanagatlandyrmak başartmaýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Gymmatbaha goşlary ogurlanan raýatlar ýerli polisiýa işgärlerini jenaýatkärleri tapyp bilmezlikde aýyplaýarlar. Olaryň birnäçesi bolsa, polisiýa işgärleriniň üstünden welaýat prokuraturasyna arz edýär.
“Bu wakadan soň, polisiýa azatlyga goýberlen öňki bendileri derňedi. Olaryň ogurlykda elleriniň ýokdugy anyklanandan soň, olar goýberildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Häzirki wagtda, sebitleriň polisiýa müdirlikleri ogurlyk hadysalary bolan etrapçalara gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine jenaýatçylary 15-nji iýula çenli tapmagy tabşyrdylar.
Jenaýatçylar bellenen senä çenli tapylmasa, onda häkimiýetler polisiýa işgärlerine raýatlaryň ogurlanan emläkleriniň öweziniň özlerine töletdiriljekdigi barada haýbat atýarlar.
“Etrap polisiýa işgärlerine 4 müň manat aýlyk berilýär. Bu bir aý güzeran eklemäge ýetmeýär. Indi her bir ogurlyk üçin ýetirilen zyýany tölejek bolsak, öýümizi sataýmasak başga alaç ýok” diýip, polisiýa işgäri habarçymyza gürrüň berdi.
Bu aralykda, Balkanabatdaky ynamdar çeşmämiz soňky aýlardaky ogurlyk ýa talaňçylyk hadysalarynyň aglabasynyň harby gullugy tamamlan we işsiz ýaşlar tarapyndan amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Balkanyň metjitlerinde ogurlyk hadysalary hasaba alynýar“Bu ýaşlaryň arasynda ‘dermanhana narkomanlary’ diýilýänler köpelýär. Olar dermanhanalarda satylýan ‘baralgin, tripikol, newrogain, pelogowalin' ýaly dermanlara tabyn ýaşlardyr. Olar hiç zatdan gorkmaýarlar. Soňky hepdelerde Balkanabadyň gyzyl bazarynda gyzyl satýan daýzalara açyk hüjüm edilip, olaryň gyzyllary gündiziň güni talanyp başlandy” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenbaşynyň, Hazaryň, Balkanabadyň polisiýa bölümlerinden, şeýle-de welaýat Polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 10-njy iýulda telefon arkaly eden dowamly synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bu aralykda, garaşsyz neşir “Turkmen.news” Türkmenistanda jenaýat işleriniň amala aşyrylmagynyň esasy sebäbiniň işsizlikdigini habar berýär.
Neşir 10-njy iýulda çap eden maglumatynda özlerine Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesinden köp mukdarda resminamanyň gelip gowşandygyny we redaksiýanyň bulary içgin öwrenendigini aýdýar.
“Ogurlyk, kezzapçylyk, huligançylyk, uruşmak, adam öldürmek we şuňa meňzeş jenaýatlar üçin jogapkärçilige çekilen Türkmenistanyň raýatlarynyň hemmesi diýen ýaly işsiz” diýip, neşir ýazýar.
Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygy ilatyň sosial-ykdysady şertlerini barha agyrlaşdyrýar. Bu habarlaryň arasynda, soňky birnäçe ýyl bäri ýurduň dürli sebitlerinde ýygjamlaşýan ogurlyk we talaňçylyk ýaly jenaýat hadysalary barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Ministrlik ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary boýunça resmi maglumatlary hem çap etmeýär.
Degişli maglumat Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenabatda ençeme öýe ogry girdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.